Akyldar şahyryň sözi gudrat-keremdir

26 Iýul 2023
731

Söz — adamlaryň arasyndaky iňňän derwaýys aragatnaşyk serişdesi. Biz aňymyzda dörän düşünjeleri, pikirleri sözüň üsti bilen beýan edýäris. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda sözi ýerlikli ulanmak, ondan many çykarmak, saýhallamak möhüm wezipedir. Bu babatda Magtymguly atamyzyň goşgulary bize görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyzyň çeperçilik serişdelerini ulanyp, döreden goşgulary durşuna genji-hazynadyr.

Magtymguly Pyragy özara gatnaşyklarda birek-birege hoş söz aýtmagy, mährem bolmagy ündeýär. Ol: «Ýürekde ýok sözi tile getirme» diýen goşgy setirinde gürleşýän adamyňa göwnüňde ýok sözleri beýan etmezligi nesihat berýär. Hakykatdan-da çyn ýürekden aýdylan söz ýürege ýetýändir. Ol ynsanyň ýürek duýgularyny äşgär edýän köprüdir. Ýokardaky ýaly goşgy setirleri adamlarda hoşniýetli, mylakatly, sypaýy sözleýşi kemala getirýär.

Rozyhal EGEMBERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby.