Dünýä belli ussat

26 Iýul 2023
827

Türkmen milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran, manyly ömrüni opera sungatyna bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine uly goşant goşan ägirtleriň biridir. Medeniýet Şahberdiýewa doganlyk halklaryň dillerinde ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatçylygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy. Ol belent sesli şirin aýdymlary bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda uly tagallalary eden ussat.

“Dünýäniň saýrak bilbili” adyny alan halypa aýdymçy ajaýyp aýdymlary bilen ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza sarpa goýmagy ugrunda mynasyp işleri alyp bardy. Onuň kalbyndaky Watan söýgüsinden joşgun alýan ylhamy, göwünlere ganat berýän owazy ýüreklere mähir, söýgi bagyşlaýar.