Ýankitaba öwrülen gymmatlyk

2 Awgust 2023
533

Kitap ruhy hazyna hasaplanylýar. Ylma, ylym ägirtlerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzda çeper sözüň ussady bolan meşhur şahsyýetlerimiziň nesillere miras galdyran dürdäneleri, kalplarda orun alan eserleri täzeden neşir edilip, halkymyza ýetirilýär. Egsilmez ruhy çeşme bolan ol kitaplarda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döwlet gurmakda bitiren ägirt uly işleriniň, ata Watanymyz üçin şirin janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň beýany bar. Eziz Diýarymyzda beýik halypalaryň döredijiligine bagyşlanyp, halkara derejesinde ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Munuň özi çeper söze, halk döredijiligine goýulýan çuňňur hormatdan nyşandyr.

Gündogary günbatara birikdiren Beýik Ýüpek ýoly bilen ata Watanymyza gelen bakgallar, söwdagärler uly-uly kerwensaraýlarda ýük ýazdyrypdyrlar. Olar del harytlar bilen birlikde, kagyz, kitap söwdasyny hem edipdirler. Şeýdip, kitaplar dünýä ýüzüne ýaýrapdyr. Ylym ägirdi, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň öz eli bilen ýazan golýazmasy Britaniýanyň muzeýinde saklanýar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr» diýip belleýär. Daşa oýulyp, derä ýazylan ýazgylar, kitaplar adamzat paýhasynyň beýany bolup, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýär.

Dursun JUMAÝEWA,
Lebap welaýatynyň Halaç etraby, mirasgär.