Heýkellerde zenan mukaddesligi

31 Iýul 2023
620

Ata-babalarymyzyň döreden ilkinji medeniýetleri, şol sanda sungat eserleri hakyndaky taryhy maglumatlar häzirki wagtda bahasyna ýetip bolmajak çeşmedir. Pederlerimiz öz dini ynançlaryny, ruhy dünýäsini sungat eserleriniň üsti bilen beýan edipdirler. Olaryň hatarynda ýurdumyzda ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylan zenan keşpli heýkeller aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bu zenan keşpli heýkeller has irki döwürlerde (b.e.öňki VI-V müňýyllyklar) ýurdumyzyň çäginde ýaşan iň gadymy ilatyň meşgullanan kärleri, ruhy dünýäsi, maddy we medeni durmuşy hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.

Islendik beýleki zatlar ýaly, gadymy ata-babalarymyzyň döreden sungaty halkyň dünýägaraýşy hakynda maglumat berýär. Alymlar Änew-Namazga döwründe miladydan öňki V-IV müňýyllyklarda gadymy türkmen topragynda däneli ekinleriň, şol sanda ak bugdaýyň ekilendigini subut etdiler. Şonuň üçin hem jemgyýetde dürli dini baýramçylyklar bilen utgaşykly geçirilen hasyllylyga uýmagyň gülläp ösendigini, esasan-da, hasylyň, bolelinligiň çeşmesi beýik Ýere bolan ynam-ynanjyň güýçli bolandygyny aňmak bolýar. Ýer diňe dörediji hem ekleýji däl-de, eýsem, ýaşaýşyň özeni hasaplanypdyr we ony adamzady dünýä inderýän, mährini siňdirip, ak süýt berýän enä deňäpdirler. Ynama görä, Ýer — ähli ösümlikleri, jandarlary döreden bolsa, ene — dünýä ynsanlarynyň döremeginiň gözbaşydyr. Geçmişde Ýer we ene hasyllylygyň alamaty hökmünde mukaddesleşdirilipdir.

Nurgözel BÄŞIMOWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.