"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ykdysadyýetiň möhüm bölegi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyly içinde ýurdumyzyň dokma senagaty ägirt uly ösüşlere ýetdi. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan bu ugruň häzirki zaman ösüşleri Garaşsyzlygymyz bilen ýaşdaş diýen ýalydyr. Öňki döwürde paýtagtymyzda we welaýatymyzda barmak basyp sanaýmaly ýüpek-egriji we pagta arassalaýjy zawod-fabrikler bolan bolsa, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan başlap, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dokma we jins toplumlary, ýüplük egriji kärhanalar we taýýar önümleri öndürýän tikinçilik we dokmaçylyk fabrikleri gurlup ulanylmaga berlip başlandy. Beýik Ýüpek ýolunyň döremegi bilen dokmaçylykda örän uly netijeler gazanylypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde mysal getirilýän türkmen gelniniň Çyn-Maçyndan ýüpek gurçugynyň tohumyny topbusynda gizläp alyp gaýtmagy bilen bagly rowaýat aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ene-mamalarymyzyň hem dokmaçylyk, ýüpekçilik hünäri bilen gadymdan tanyş bolandyklaryny aňladýar.

Oba­se­na­gat top­lu­my ösüş ýo­lun­da

Şu ýyl ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­na 30 ýyl dol­ýar. Ta­ryh üçin uly bol­ma­dyk ge­çen gys­ga döw­rüň için­de eziz Di­ýa­ry­myz äh­li ba­bat­da ösüş­le­re bes­le­nip, ýur­du­myz ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­sy bi­len ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek, döw­re­bap­laş­dyr­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­na ser sa­la­ny­myz­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de uly orun tut­ýan oba­se­na­gat top­lu­myn­da hem al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­ry aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler özü­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek, ýer eýe­le­ri­niň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe ka­rar­lar ka­bul edil­di. Daý­han­la­ra uzak­möh­let­le­ýin ýer bö­lek­le­ri­niň be­ril­me­gi, ýo­ka­ry hil­li to­hum, dö­kün, suw bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi, da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ryjy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ry­nyň, tir­keg gu­ral­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn al­nyp be­ril­me­gi, 2019-njy ýyl­dan baş­lap

Ykdysady ösüşler – bagtly durmuşyň açary

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da uly ösüş­ler ga­za­ny­lyp, be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­dentimiziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik iş­le­riň esa­syn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün ed­ýär. «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hem yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň aý­ry-aý­ry pu­dak­la­ryn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Muňa ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de şu ýy­lyň se­kiz aýyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Ýur­du­myz­da je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­niň 6,2 gö­te­rim de­re­je­de sak­la­nyp gal­ma­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ka­bul edil­ýän yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­de iri se­na­gat we dur­muş des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy do­wam ed­ýär. Bu des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da tä­ze şä­her­çe­ler­dir ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, dynç alyş we sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­ni, mek­dep­ler­dir ça­ga­lar bag­la­ry­ny hem-de en­çe­me beý­le­ki des­ga­la­ry gör­kez­mek bo­lar. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan ýy­lyn­da 30 sa­ny iri des­ga­nyň ýe­ri­ne 56 sa

Pag­ta ýur­du­my­zyň mil­li baý­ly­gy­dyr

Oba hojalyk pudagynda esasy ekinleriň biri hasaplanýan pagta ýurdumyzyň milli baýlygydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, obasenagat pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, täze çemeleşmeleriň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen pudak täze ösüş ýoluna gadam basdy. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri her ýyl pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len zäh­met­sö­ýer ba­ba­daý­han­la­ry­my­za döw­let ta­ra­pyn­dan köp san­ly ýe­ňil­lik­ler dö­re­dilýär. Şeý­le ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp, yh­las­ly zäh­met çek­ýän pag­ta­çy­la­ry­myz «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýur­du­myz­da «ak al­ty­nyň» bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler we ony ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga gi­riş­di­ler.

Baş maksat — halkyň bagtyýarlygy

14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministrine söz berdi. Ministr ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ösüşiň innowasion ugry

Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Halk hojalygynda gaýtadan işleýän täze senagat kärhanalarynyň gurulmagy, olarda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna üstünlikli barýan ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga ýardam berýär. Hususan-da, sanly ulgamyň netijeli ösdürilmegi Diýarymyzda önümçiligi iň kämil innowasiýalar esasynda dolandyrmaga şert döredýär. Munuň özi ýurdumyzda ösüşiň innowasion ugrunyň ösdürilýändigini we ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygyny subut edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we bäsdeşlige ukyply önümçiligi kemala getirmek ugrunda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Daşary ýurtlarda öndürilen döwrebap innowasion tehnologiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna ornaşdyrylyp, ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligi has-da ýokarlandyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge we onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga ýardam edýär.

Bereketli meýdandan bereketli desterhana

Türkmenabatdaky galla önümleri kärhanasynyň döwrebap binalar toplumy şu aýda sekiz ýaşyny doldurdy. Yzda galan ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda azyk garaşsyzlygyny berkarar etmäge uly goşant goşan kärhana şu günler täze ýylyň bugdaý hasylyny gaýtadan işläp, ak una öwürýär. Kuwwatly kärhanadaky zähmet depgini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna hem mynasyp sowgatlar bilen barylýandygyny subut edýär. Desterhanda müň bir nygmat bolsun, ýöne mele-myssyk nanyň orny başgadyr. Hut şonuň üçin hem «Azyk garaşsyzlygy» diýlende, ilki bilen çöregiň, unuň bolçulygy seriňe dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan bäri türkmen gallaçylary ýyllyk borçnamalaryny her ýyl abraý bilen berjaý edip, Watan ammaryna million tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp gelýärler. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary bilen geçiren duşuşygynda hem nygtaýşy ýaly, Türkmenistan gallany diňe bir bol öndürýän däl-de, eýsem, gerek bolsa eksport edýän döwlete hem öwrüldi.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty artýar

Önümçiligiň durnukly we ýokary ösüş depginleri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, hemişe bolşy ýaly, ýokary ösüş depginleri saklanylyp gelinýär. Munuň özi bu pudaklarda işleriň sazlaşykly guralmagynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Türkmenistanyň energetika ulgamynyň düzümleri umumy önümçilik ösüşine mynasyp goşant goşýar. Gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde bolsa, okgunly ösüş saklanýar. Olaryň ýokary görkezijilere eýe bolmagy Türkmenistanyň ähli künjeginde gurluşyk işleriniň batly depginlerde dowam etmegini şertlendirýär.

Hyzmatdaşlygyň altyn halkasy

Hormatly Prezidentimiziň işläp düzen ykdysady strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde diňe bir şu günümiziň däl, eýsem, geljekde hem rowaçlyklarymyzy üpjün edýän, ýurdumyzyň dowamly özgermegine niýetlenilýän köptaraplaýyn ösüşleriň düýbi tutulýar. Ykdysady taýdan täze ýörelgeler we çemeleşmeler ýurdumyzda azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik we durmuş harytlaryň üpjünçiliginiň berkidilmegine gönükdirilýär. Netijede öndürilýän önümleriň içerki we daşarky bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmagy göz öňünde tutýan sanawynyň örüsi barha giňeýär. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň giňeldilmegi içerki bazarda zerur bolan önümleriň artykmajyny daşarky bazarlarda hem ýerlemäge mümkinçilikleri döredýär. Önüm öndürijileriň täze bazarlary gözlemeklerine itergi berýän amatly şertler peýda bolýar. Içerki bazarlarymyzda önümleriň we harytlaryň artykmaç möçberleriniň emele gelmegi bilen daşarky bazarlara çykmak isleginiň ösjekdigi, elbetde, kanuny ýagdaý. Döwletimiziň ykdysady syýasatynda hem eksport edilýän önümleriň sanawyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň öwezini dolýan önümleri özümizde öndürmek esasy ugur bolup durýar.

Röwşen geljegiň kämil binýady

Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de ony mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesiniň ösüşi, dünýä bilim giňişligine goşulmagy umumy orta bilimiň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady pugtalandyrylýar. «Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermeli, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmeli» diýip nygtaýan ýurt Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Okuwçylary irki ýaşdan innowasion tehnikalara uýgunlaşdyrmak we bilim-terbiýeçilik işiniň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň adyndan her ýylda 1-nji synpa okuwa başlaýan çagalara kompýuterler sowgat berilýär.

Ykdysadyýet ösüş ýolunda

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ösdürmegiň kabul edilen durmuş we pudaklaýyn maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmek zerur bolup durýar.

Egniňe ýüpek ýaraşar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bu gün buýsançly owaz bolup, her bir türkmenistanlynyň kalbynda abadan ýurdumyzyň parahatçylyk nyşanyna öwrülip, çar künjekde ýaňlanýar. Abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlyga giň gerim berilýän ýurdumyzda at-abraýy jahan içre ýaýylan halkymyz bu beýik şygara mynasyp ýaşaýar, Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda halal ýolda haýyrly işleri bitirýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylýan dünýä ähmiýetli ol işler mukaddes türkmen topragynda beýik özgerişlikleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär. Döwletli tutumlar, beýik başlangyçlar türkmeni täzeden-täze, belent sepgitlere atarýar. Şeýle öňe ilerlemeler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda iri möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bedew bady bilen öňe barýan merdana halkymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ulag üstaşyr mümkinçilikleri

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň bimöçber aladasy bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda eziz Watanymyzyň ähli pudaklarynda netijeli işler durmuşa geçirilip, uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle üstünliklere ýurdumyzyň ulag- logistika ulgamynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Biziň durmuşa geçirýän logistika strategiýamyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Türkmenistanyň çägi irki döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup, halklary we yklymlary birleşdiripdir. Bu ýagdaý Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolýar» diýip belläp geçýär. Munuň özi ýurdumyzyň ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalary üstünlikli amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, täze taryhy döwrümizde berkarar Watanymyzda sebit we dünýä ähmiýetli möhüm ulag taslamalaryny amala aşyrmaga aýratyn üns gönükdirilýär. Bu bolsa, «Demirgazyk — Günorta» hem-de «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyzyň sebit hem-de yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag we logistik merkez hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Mukaddes duzuň mekany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda içerki we daşarky bazarlara çykarylýan önümler bolan nebitdir gazdan başga-da, beýleki tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýeti hem juda uludyr. Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzy hem ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir. Ýurdumyzyň himiýa pudagy Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, bimöçber sahawaty bilen düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynda bitirilýän işler öwgä mynasypdyr. Bu kärhananyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda ýa sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasap-lanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kärhanasy, ýeri gelende aýtsak, duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň häzirki wagtda ymykly ýola goýulmagy Arkadag Prezidentimiziň öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň ýene bir aýdyň güwänamasydyr.  

Sekiz aýyň jemlerine garaldy

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly ulgam arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary G.Agajanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Hil — esasy görkeziji

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasynyň Gaz guradyjy desgasynyň işçi-hünärmenleri şu günler ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna sowgatly barmak maksadynda daşary bazara çykarylýan türkmen gazynyň halkara hil derejesinde bolmagy ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda Ukrainanyň «Ukrgazproýekt» şereketi tarapyndan gurlup, 2013-nji ýylyň dekabr aýynda ulanyşa berlen bu desgada 8 sany ulgam bolup, olaryň önümçilik kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 185 million kubmetr tebigy gazy guradyp, halkara ölçeglerine laýyk derejede üstaşyr geçirmäge ukyplydyr. Şol ulgamlaryň 3 sanysy pes basyşly, 5 sanysy bolsa ýokary basyşly tebigy gazy guradyp geçirmäge niýetlenendir. Pes basyşly ulgamlaryň her biriniň gije-gündiziň dowamynda 20 million kubmetr, ýokary basyşly ulgamlaryň hersiniň bolsa 25 million kubmetr «mawy ýangyjy» guradylan görnüşinde geçirmäge ukybynyň bardygyny degişli hünärmenler gürrüň berýärler.

Ykdysadyýeti ösdürmekde ulag düzümleriniň ähmiýeti uludyr

Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmeklige uly üns berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatyna laýyklykda, ulag pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek hem-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm çözgütler kabul edilýär we iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Netijede, Türkmenistanyň sebit ulag-üstaşyr ulgamyna okgunly goşulyşmagy üpjün edilýär. Ulag ulgamynda demir ýol pudagynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemelidir. Ulagyň bu görnüşi ägirt uly möçberdäki ýükleri daşamaga ukyplydyr. Hususan-da, ýangyç önümleriniň dürli görnüşleri, gurluşyk serişdeleri ýaly ýükleri daşamakda hem-de üstaşyr gatnawlarda «Türkmendemirýollary» agentligi artykmaçlygyny saklap galýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gatnaw düzüminiň hem-de ýolagçy-wagon tehniki toplumyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, pudakda işiň hili we zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Belent sepgitlere badalga

Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň senagat taýdan ösmeginde milli ykdysadyýetiň gurluşyny we ugurlaryny kämilleşdirmek, ileri tutulýan ugurlarda maýa we adam mümkinçiliklerini özleşdirmek, esasy pudaklary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek, işçi güýjüni netijeli peýdalanmak, zähmet bazarynyň meselelerini çözmek ýaly wajyp jemgyýetçilik-durmuş wezipeleriň döwrüň talabyna laýyklykda amal edilmegi möhüm orny eýeleýär. Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde döwrüň strategik meseleleriniň biri hökmünde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ileri tutulýar. Munuň şeýledigini, 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşynda bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul edip, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmegiň wajyplygyny nygtamagy aýdyň tassyklaýar. Munuň özi, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmakda täze menzillere ýetmäge itergi berýär. Şu maksatdan ugur alyp, ýurdumyz dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlykda häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini çekmäge ünsi güýçlendirip, söwda-ykdysady gatnaşyklary geografiýa we gurluş taýdan diwer

Milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlary

Mukaddes Garaşsyzlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarynda düýpli özgerişlikler amala aşyryldy we ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşler gazanyldy. Gazanylýan üstünliklerde, beýleki pudaklar bilen bir hatarda, gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň hem uly orny bardyr. Bu pudaklar boýunça ýurdumyzda kabul edilen Prezident Maksatnamasynda bellenilen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Sebitlerde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagy işjeň maýa goýum syýasatyny talap edýär. Ahal welaýatynda hem täze dolandyryş merkeziniň, täze döwrebap obalaryň, dürli desgalaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle uly möçberli gurluşyk işleriniň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň keşbini düýpgöter özgerdýär we önümçilik-durmuş ulgamlarymyzyň ýokary depginli ösüşini kepillendirýär, şeýle hem ýurdumyzyň önümçilik pudagyny, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara derejelerine ýetirmekde ähli amatlyklary döredýär. Biziň ýurdumyzda gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän köpugurly desgalaryň we binalaryň taslamasyna örän ýokary talaplar bildirilýär. Diňe ýokary hilli taslamalaryň işlenilip düzülmegi, olarda ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýanyň gazanan iň soňky üstünlikleriniň göz öňünde tutulmagy, taslamalaryň halkara talaplaryna laýyk getirilmegi döwrebap gurluşyk işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Berkarar d