Sekiz aýyň jemlerine garaldy

13 Sentýabr 2021
979

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sanly ulgam arkaly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-awgust aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary G.Agajanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».