Pag­ta ýur­du­my­zyň mil­li baý­ly­gy­dyr

16 Sentýabr 2021
1019

Oba hojalyk pudagynda esasy ekinleriň biri hasaplanýan pagta ýurdumyzyň milli baýlygydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, obasenagat pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, täze çemeleşmeleriň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen pudak täze ösüş ýoluna gadam basdy. Ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri her ýyl pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len zäh­met­sö­ýer ba­ba­daý­han­la­ry­my­za döw­let ta­ra­pyn­dan köp san­ly ýe­ňil­lik­ler dö­re­dilýär. Şeý­le ýe­ňil­lik­ler­den peý­da­la­nyp, yh­las­ly zäh­met çek­ýän pag­ta­çy­la­ry­myz «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýur­du­myz­da «ak al­ty­nyň» bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler we ony ýit­gi­siz ýyg­nap al­ma­ga gi­riş­di­ler.