Ykdysadyýeti ösdürmekde ulag düzümleriniň ähmiýeti uludyr

13 Sentýabr 2021
1025

Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmeklige uly üns berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatyna laýyklykda, ulag pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmek hem-de giňeltmek boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirilýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm çözgütler kabul edilýär we iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Netijede, Türkmenistanyň sebit ulag-üstaşyr ulgamyna okgunly goşulyşmagy üpjün edilýär.

Ulag ulgamynda demir ýol pudagynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemelidir. Ulagyň bu görnüşi ägirt uly möçberdäki ýükleri daşamaga ukyplydyr. Hususan-da, ýangyç önümleriniň dürli görnüşleri, gurluşyk serişdeleri ýaly ýükleri daşamakda hem-de üstaşyr gatnawlarda «Türkmendemirýollary» agentligi artykmaçlygyny saklap galýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gatnaw düzüminiň hem-de ýolagçy-wagon tehniki toplumyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, pudakda işiň hili we zähmet öndürijiligi ýokarlandy.

Güljemal ARRYKOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.