Ösüşiň innowasion ugry

15 Sentýabr 2021
1022

Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Halk hojalygynda gaýtadan işleýän täze senagat kärhanalarynyň gurulmagy, olarda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna üstünlikli barýan ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga ýardam berýär. Hususan-da, sanly ulgamyň netijeli ösdürilmegi Diýarymyzda önümçiligi iň kämil innowasiýalar esasynda dolandyrmaga şert döredýär. Munuň özi ýurdumyzda ösüşiň innowasion ugrunyň ösdürilýändigini we ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygyny subut edýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we bäsdeşlige ukyply önümçiligi kemala getirmek ugrunda ägirt uly özgertmeler durmuşa geçirildi. Daşary ýurtlarda öndürilen döwrebap innowasion tehnologiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna ornaşdyrylyp, ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligi has-da ýokarlandyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge we onuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga ýardam edýär.

Pirmuhammet EKÄÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.