Mukaddes duzuň mekany

13 Sentýabr 2021
945

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda içerki we daşarky bazarlara çykarylýan önümler bolan nebitdir gazdan başga-da, beýleki tebigy baýlyklarymyzyň ähmiýeti hem juda uludyr. Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki «Guwlyduz» kärhanasynda çykarylýan nahar duzy hem ata Watanymyzyň esasy tebigy baýlyklarynyň biridir.

Ýurdumyzyň himiýa pudagy Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, bimöçber sahawaty bilen düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynda bitirilýän işler öwgä mynasypdyr. Bu kärhananyň hünärmenleriniň Hazar deňziniň kenarynda iş alyp barýan meýdançasy diňe biziň ýurdumyzda ýa sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde duzuň iň köp gorlarynyň jemlenen mesgenleriniň biri hasap-lanýar. Çig mal gorlarynyň mukdary 40 million tonnadan hem geçýän «Guwlyduz» kärhanasy, ýeri gelende aýtsak, duz çykarmakda sebitde birinji, tutuş dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär. Bu baýlyklar mesgeninden alynýan nahar duzuny ýodlaşdyrmagyň häzirki wagtda ymykly ýola goýulmagy Arkadag Prezidentimiziň öz mähriban halkynyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygynyň ýene bir aýdyň güwänamasydyr.