Egniňe ýüpek ýaraşar

14 Sentýabr 2021
1070

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bu gün buýsançly owaz bolup, her bir türkmenistanlynyň kalbynda abadan ýurdumyzyň parahatçylyk nyşanyna öwrülip, çar künjekde ýaňlanýar. Abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlyga giň gerim berilýän ýurdumyzda at-abraýy jahan içre ýaýylan halkymyz bu beýik şygara mynasyp ýaşaýar, Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda halal ýolda haýyrly işleri bitirýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylýan dünýä ähmiýetli ol işler mukaddes türkmen topragynda beýik özgerişlikleriň amala aşyrylýandygyny görkezýär.

Döwletli tutumlar, beýik başlangyçlar türkmeni täzeden-täze, belent sepgitlere atarýar. Şeýle öňe ilerlemeler bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda iri möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirip, bedew bady bilen öňe barýan merdana halkymyzyň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Ýaňy-ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy aýdanlarymyzyň aýdyň subutnamasydyr.

Aýnabat DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».