Oba­se­na­gat top­lu­my ösüş ýo­lun­da

16 Sentýabr 2021
994

Şu ýyl ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­na 30 ýyl dol­ýar. Ta­ryh üçin uly bol­ma­dyk ge­çen gys­ga döw­rüň için­de eziz Di­ýa­ry­myz äh­li ba­bat­da ösüş­le­re bes­le­nip, ýur­du­myz ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­sy bi­len ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ry­ny ös­dür­mek, döw­re­bap­laş­dyr­mak, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry­na ser sa­la­ny­myz­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de uly orun tut­ýan oba­se­na­gat top­lu­myn­da hem al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­ry aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler özü­niň gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­si­ni ber­ýär.

Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek, ýer eýe­le­ri­niň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça bir­nä­çe ka­rar­lar ka­bul edil­di. Daý­han­la­ra uzak­möh­let­le­ýin ýer bö­lek­le­ri­niň be­ril­me­gi, ýo­ka­ry hil­li to­hum, dö­kün, suw bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi, da­şa­ry ýurt­la­ryň öň­de­ba­ryjy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­niň kuw­wat­ly teh­ni­ka­la­ry­nyň, tir­keg gu­ral­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn al­nyp be­ril­me­gi, 2019-njy ýyl­dan baş­lap pag­ta­nyň, bug­da­ýyň döw­let sa­tyn alyş nyrh­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy her bir daý­ha­nyň, mülk­da­ryň gö­wün gu­şu­ny ga­nat­lan­dy­ryp, öň­kü­den-de gaý­rat­ly zäh­met çek­mä­ge, bol ha­syl ön­dür­mä­ge ruh­lan­dyr­dy. Şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­ler­den gö­wün­le­ri gal­ky­nan ýer eýe­le­ri oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­rin­den bol ha­syl alyp, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň bar­ha kuw­wat­lan­ma­gy­na, azyk bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne öz­le­ri­niň my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni dok­ma se­na­ga­ty­my­zyň ýe­ter­lik muk­dar­da çig mal bi­len üp­jün edil­ýän­di­gi­niň, sa­çak­la­ry­my­zyň me­le-mys­syk nan­dan, ak ba­zar­la­ry­my­zyň dür­li gör­nüş­li gök-bak­ja, mi­we önüm­le­rin­den do­ly bo­lup, ba­zar bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­ýän­di­gi­niň my­sa­lyn­da hem aý­dyň gör­mek bol­ýar.