Röwşen geljegiň kämil binýady

15 Sentýabr 2021
992

Hormatly Prezidentimiziň parastly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bilim ulgamyny ösdürmäge hem-de ony mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş derejesiniň ösüşi, dünýä bilim giňişligine goşulmagy umumy orta bilimiň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda döwrebap bilim ulgamyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady pugtalandyrylýar. «Ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermeli, olaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegi üçin giň ýol açylmagyny üpjün etmeli» diýip nygtaýan ýurt Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Okuwçylary irki ýaşdan innowasion tehnikalara uýgunlaşdyrmak we bilim-terbiýeçilik işiniň netijeliligini we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň adyndan her ýylda 1-nji synpa okuwa başlaýan çagalara kompýuterler sowgat berilýär.

Resul IŞANGULYÝEW,
TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.