Ykdysadyýet ösüş ýolunda

15 Sentýabr 2021
924

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ösdürmegiň kabul edilen durmuş we pudaklaýyn maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin netijeli çäreleri görmek zerur bolup durýar.

«Aşgabat».