Baş maksat — halkyň bagtyýarlygy

15 Sentýabr 2021
977

14-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi. Soňra döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministrine söz berdi. Ministr ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

"Nesil".