Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde durmuşa geçirilýän beýik işleriň esasynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ykdysadyýetimiziň aýry-aýry pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Muňa ýurdumyzyň ykdysadyýetinde şu ýylyň sekiz aýynda gazanylan üstünlikler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede saklanyp galmagy milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän ykdysady maksatnamalaryň aýdyň netijesidir.
Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, mekdeplerdir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desganyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurtdugyny äşgär edýär. Şeýle hem ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.