"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ykdysady ösüşiň binýady

Ösüş-özgerişlere beslenip, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümi barha ösdürilýär. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösüşi bilen bilelikde sebitiň ösüşinde hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär. Häzirki taryhy döwürde oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bir hatarda, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde hem uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gysga döwürde dünýä ähmiýetli ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen berk baglanyşyklydyr. Geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistan Watanymyzyň ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedigini buýsanç bilen bellemek gerek. Harytlaryň içerki we dünýä bazarlaryna çalt ilerledilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy ýurduň bazar ykdysadyýetiniň ösmeginiň, önümçilik-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty iri möçberli ýük akymlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem Gara deňziň ýakasyna, Ýewropa ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirm

Nurana günler — rowana geljek

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Netijede, Türkmenistanyň energetika senagatynda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, onuň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hem uly işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň golaýda sanly ulgam arkaly güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisiniň işine ak pata bermegi hem şeýle tutumly işleriň nobatdaky güwäsi boldy. Şol bir wagtda, munuň özi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň özboluşly görkezijisidir. Bu elektrik geçirijiniň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyry tamamlandy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geljekde onuň Balkan — Daşoguz ugrunyň gurluşyk-gurnama işleriniň durmuşa geçirilmegi bilen, energiýa ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işi tamamlanar. Bu bolsa islendik howa şertlerinde-de sebitleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge şert döreder. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport kuwwatyny artdyrmaga-da hyzma

Ýokary hil — esasy görkeziji

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Çeper» tikin fabriginiň ussat tikinçileri ýokary zähmet netijelerini gazanýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri fabrik boýunça 11 million 400 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, meýilnama 107,7 göterim berjaý edildi. Kärhanada önümçiligiň ähli görnüşleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokary ösüş gazanyldy. Önümleriň aglaba bölegi buýurmalar esasynda taýýarlanylýar. Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Serhet gullugynyň, Goranmak ministrliginiň buýurmalaryna laýyklykda öndürilen tikin önümleriniň mukdary ep-esli artdy. Häzirki wagtda fabrikde 200-e golaý görnüşli tikin önümleri öndürilýär. Bu ýerde çagalar üçin tikilýän egin-eşikler, dürli möçberdäki ýorgan-düşekler ilat arasynda ýokary islegden peýdalanýar. «Çeper» tikin fabriginiň bölek satuw üçin täze biçüwdäki, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň welaýatyň çäginde ýerleşýän ýörite dükanlary arkaly ilata ýetirilýär. Şeýle ýokary önümçilik netijesini gazanmak, ýokary hilli önüm öndürmek üçin fabrige häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar ornaşdyryldy. Önümleriň hil we mukdar derejesi hemişe gözegç

Ýyllyk meýilnama berjaý edildi

Hawa, biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleri tebigy gaz öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamany möhletinden ep-esli öň üstünlikli berjaý etdiler. Şonda gazylyp alnan «mawy ýangyç» 10 milliard 212,7 million kub metrden hem gowrak boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 145 göterime golaý ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär. Şeýle guwandyryjy netijeler guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, işlemän duran guýulary abatlamak arkaly gaýtadan işe girizmek, işgärleri yhlasly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak arkaly gazanyldy. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň pudagy ileri tutup ösdürmäge, onuň önümçilik-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, kärhanalary döwrebap enjamlaşdyrmaga çynlakaý üns berýändigini guwanç bilen belläsim gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda «Malaý» ýatagynda gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga barada aýratyn durup geçmek ýerlikli bolar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň başynda ýyllyk geçirijilik kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan häzirkizaman desgasynyň işine ak pata berdi. Şol buýsançly günlerde bolup geçen taryhy wakalara gatnaşmak bagty maňa-da miýesser edipdi. Şondan bäri geçen döwürde desgada işler öňe ilerleýär — tebigy gazyň öndürilişi aýma-aý artýar. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geç

Azyklyk önümleriň bolçulygy döredilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary giň gerimde ösdürilýär. Şol sanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan tutumly işler barha rowaçlanýar. Şu ýyl ýurdumyzda bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragy ýygnaldy. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararlary esasynda şalynyň, gök we bakja ekinleriň önümleri, miweler hem-de ir-iýmişler bilen ilaty ýylyň dowamynda üpjün etmek meselesi hem oňyn çözülýär. Ilatyň saçaklarynda azyklyk önümleriň bolçulygynyň emele gelmegine mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hakyndaky» Karary has-da güýçli täsirini ýetirdi. Oba hojalygynda ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen hakyky ýer eýelerine berlip ugramagy, pes netijeli daýhan birleşikleriniň ornunda netijeli işleýän daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, şeýle hem hasylyň möçberini we hilini ýokarlandyrýan usullary düzümine alýan özgertmeleriň uly toplumynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saçaklarynda önüm bolçulygynyň döredilendigini ynam bilen aýdyp bilýäris. Çörek önümleri, gök önümler, bakja önümleri, öz topragymyzdan önýän önümleriň dürli görnüşleri bollugy bilen bazarlarda alyjylara yzygiderli hödürlenilip dur.

Türkmen manadynyň 28 ýyllygynyň şanyna

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Maslahatda edilen çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka bolandygy bellenildi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň garaşsyz ykdysady syýasatynyň başlanandygyny alamatlandyryp, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bellenilen sepgitlere üstünlikli ýetmekde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi. Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň eýeleýän orny nygtaldy.

Döwre ganat — ak ýollar

Mälim bolşy ýaly, 29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi ulanmaga berildi. Halkara ülňülerine laýyk gelýän şeýle ulag düzüminiň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna hem-de halkara ulag ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny has-da işjeňleşdirmäge ýardam berer. Munuň özi Diýarymyzda kämil içerki ulag infrastrukturasynyň kemala getirilýändigini hem-de onuň Garaşsyz ýurdumyzyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge täzeden-täze ajaýyp şertleri döredýändigini görkezýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar we täze ulag ýollary yzygiderli gurulýar. Bu bolsa amatly geografik çäkde ýerleşýän döwletimiziň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarda halkara söwda ýollarynyň möhüm düzüm bölegine öwrülmegine mümkinçilik berýär. Ýakynda ulanmaga berlen ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi hem degişli ugurdaky işleri has-da işjeňleşdirmäge uly itergi berer.

Paýtagtdan Türkmenabada ýol gelýär

Ýakynda Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň Aşgabat ― Tejen aralygyndaky birinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi eziz Watanymyzyň taryhyndaky iň şanly wakalaryň biridir. Şu günlerde ýerli gurluşykçylar bu ýoluň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň gurluşygyny hem güýçlendirdiler. Biz ýoluň 125 kilometrlik üçünji tapgyrynda gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu bölege jogapkär tehnik-gözegçisi Kamil Halmyradow bilen söhbetdeş bolduk. Gurluşygyň bu tapgyry Türkmenabatda tamamlanar. ― Kamil aga, armaweriň! Ilki bilen, okyjylarymyza ýoluň üçünji tapgyry barada maglumat beräýseňiz.

Ykdysady üstünliklerimiziň nyşany

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýurdumyzyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda: «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orun eýeleýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýa goýumlary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir» diýlip bellenilýär.

Rowaç ýollar

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiz türkmen telekeçilerine ýakyndan goldaw berip, hususy ulgamyň kuwwatyny artdyrmak üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Şeýle goldawdan we mümkinçiliklerden ruhlanýan telekeçilerimiz eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine goşant goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny, gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem hususy işewürleriň Watanymyzyň rowaçlygy ugrunda çekýän asylly zähmetiniň nyşanyna öwrüldi. Halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak, guýudyr ýap gazmak, bag ekmek iň sogaply işleriň hatarynda görülýär. Bularyň köpüsi Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 2019-njy ýylyň ýanwarynda başlanan gurluşygyna hem mahsus işlerdir. Halkara derejeli ýoluň uzynlygy 203 kilometre barabar bolan Aşgabat — Tejen böleginiň we onuň üpjünçilik desgalarynyň gurluşygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Awtoban» paýdarlar jemgyýetiniň potratçylary «Altyn Nesil» hem-de «Edermen» hojalyk jemgyýetleri, şeýle hem «Ata Melhem» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirilendigini bellemek gerek.

Şanly senäniň şanyna

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi. Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

Bagta barýan ak ýollar

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli we döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp, aňrybaş amatly ak ýollar, köpugurly şaýollar guruldy we gurulmagy üstünlikli dowam etdirilýär. Täze gurulýan döwrebap ýollar ýurduň milli arhitektura sungatynyň, kuwwatly ykdysady binýadynyň, ösen medeniýetiniň we kämil diplomatiýanyň hem-de milletiň döredijilik zehininiň, başarnygynyň gymmatly esaslaryny dabaralandyrýar. Hereketiň ýygylygyna, dowamlylygyna, tygşytlylyk we amatlylyk derejelerine doly laýyk gelýän döwrebap ýollar obara, sebitara, şäherara gatnawlarynda möhüm ähmiýeti eýeleýär. Halk döredijiliginde we edebi eserlerde ýol gurmak medeniýeti sogaply amallaryň iň parzy, sahawatlysy hökmünde teswirlenipdir. Döwletimizde täsin inženerçilik çözgütleri boýunça owadan ýollarymyz gurluş düzüminiň aýratynlyklary, hili boýunça biri-birinden düýpli tapawutlanýar.

Döwrebap ýollar — belent menziller

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň bir ugry halkymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşynyň kepili bolan abadan ýollaryň gurluşygyny giň gerimde ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. «Ýol abadan — il abadan» diýen pähimden ugur alýan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, onuň töwereklerinde, welaýatdyr etraplarda, şäherdir obalarda gurulýan ajaýyp ýollar, olaryň ugurlaryndaky döwrebap köprüler halkymyzy hem-de ýurdumyza ýakyn-u-alysdan gelýän myhmanlary, jahankeşdeleri gözelligi, milli özboluşlylygy, inženerçilik gurluşy bilen haýrana goýýar.

Döwrüň täze ýüpek ýoly

Uzak ýoldan, ýakyn ýürekden gelip gowşan islendik närsäniň näderejede gymmatlydygy öz-özünden düşnükli. «Ýürekden çykan sözler ýüreklere ýetýär» diýen aýtgyny hem eşitmedik ýokdur, elbetde! Edil şonuň ýaly, ýurdumyzyň ýüreginden başlanan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hakda-da hemmämiz habarly bolsak gerek?! Ýurdumyzyň has irki döwürlerde dünýäniň dürli döwletleridir halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyran Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyna taryh gözli şaýat. Häzirki döwürde şol taryhy ýoluň dikeldilýändiginiň aýdyň nyşany bolan, has takygy, 600 kilometrlik döwrüň täze Ýüpek ýolunyň — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

Ilat sanynyň artmagy, halk hojalygynyň ösmegi bilen, agyz suwuna bolan talap ýokarlanýar. Ýurdumyzyň köp sebitlerinde agyz suwy we durmuş zerurlygy üçin, esasan, ýerüsti suwlar ulanylýar. Ýerüsti suwlaryň çäklidigi bilen baglylykda ýerasty suwlaryň gorlarynyň gözlegleri zerurdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde meýilnamalaşdyrylyp, ýerasty süýji suwlaryň onlarça ýataklarynyň gözleg-agtaryş işleri geçirildi. Ýörite döwlet topary tarapyndan ýerasty süýji suwlaryň ulanyş gorlary tassyklandy. Soňky ýyllarda berkarar döwletimizde sebitleýin ýerasty suwlaryň ähli artezian howdanlarynyň we ýurdumyzyň gidrogeologik bitewülikleriniň ýerasty suwlarynyň ulanyş gorlaryna baha bermek boýunça uly işler geçirilýär. Aýry-aýry etraplaryň ulanyş gorlaryna sebitleýin baha berlende, anyk suwy ulanyjylaryň suwa bolan islegleri göz öňünde tutulýar.

Rowaçlyklara beslenen ýyllar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her bir günümiz şanly wakalara, toý-baýramlara baýdyr. Gadymy türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk zamanasyna guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýar, geljege uly ynam, söýgi bilen garaýar. Otuz ýyl mundan ozal gojaman dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Eziz Watanymyzyň iň täze taryhy, biziň üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi beýik Garaşsyzlykdan başlanýar” diýip belleýär. Hakykatdanam, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gadymy türkmen ili gülläp, ösüşlere eýe boldy, dünýä derejesinde uly abraýa mynasyp boldy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulandy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyzlyk döwri dünýä nusgalyk beýik tutumlaryň, taryhy ähmiýetli uly ösüş- -özgerişli ajap eýýamy hökmünde taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen müdimilik ýazyldy. Başy başlanan düýpli özgertmeler, durmuşa geçirilýän tutumly işler milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň buşlukçysy bolup, bütin dünýä ýaň salýar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ýurdumyzyň kämil desgalary Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň iýun aýynyň 24-ine hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza gelmegi bilen ýurdumyzyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 MWt-a deň bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän gazturbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny we oňa barýan daşarky tebigy gaz we suw üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Amerikanyň “General Electric” kompaniýasynyň we “Çalyk Enerji” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berilmeginiň kararyna gol çekmegi ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri boldy. Ol elektrik stansiýasy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-ine hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizildi.

Döwrüň derwaýys gurluşyklary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ilhalar işleri «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň alamatydyr. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurluşyk pudagyny ösdürmek, pudakda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli çäreler geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatymyzyň ähli künjeklerinde önümçilik-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Şunuň ýaly gurluşyk işlerini amala aşyrmakda «Daşoguzobagurluşyk» önümçilik birleşiginiň gurluşykçylarynyň mynasyp orny bar. Gurluşykçylaryň şu günler alyp barýan gurluşyk işleri dogrusynda birleşigiň maliýe-ykdysadyýet we önümçilik tehniki bölüminiň başlygy Mira Haýytbaýewa şeýle gürrüň berdi: — Birleşik tarapyndan dürli binalaryň gurluşyk hem-de abatlaýyş işleri geçirilip, häzirki wagtda birleşigiň müdirlikleri tarapyndan Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýat müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bölüminiň 2 gatly edara binasynyň 3 sany ýaşaýyş jaýynyň, Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesinde 2 gatly 6 otagly ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň, Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň täze, döwrebap obasy

Iri kärhanada işler ileri

Halaç etrabynyň Çohpetde obasynda gurlan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah ýüplük egirme kärhanasy Lebap welaýatynda oba ýerinde işleýän ýeke-täk iri senagat kärhanasy bolup durýar. Ösüş basgançaklary bilen ýokary göterilýän kärhana, her ýyl bolşy ýaly, bu ýyly hem üstünlikli jemlemegi maksat edinýär. 10 aýlyk meýilnamada görkezilen 9 million 414 müň manatlyga derek 43 million 971 müň manatlyk önüm öndürilip, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Netijede, ýüplügiň 4350 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 149.5, göterime barabar boldy. Önümi öz wagtynda satmak hem her bir kärhana üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ýerde öndürilýän NM-34/1, NM-20/1, NM-17/1, NM-27/1 we NM-14/1 tipli ýüplükleriň ähli talaplara doly laýyk gelýändigi üçin mydama hyrydary ýetik. Türkiýe, Polşa, Eýran, Ermenistan, Russiýa ýaly döwletleriň bu döwürde satyn alan ýüplükleri 28 million 802 müň manatlyk boldy. Bu bolsa ähli öndürilen önümiň 60 göterimden gowragynyň daşary ýurtlara satylandygyny görkezýär. Elbetde, şeýle guwandyryjy netijeleri gazanmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Pagta süýümini kabul edip alan pursadyňdan başlap, tä ol ýokary hilli ýüplüge öwrülýänçä işleriň birnäçe tapgyry ýerine ýetirilýär. Biri-biri bilen berk baglanyşykly bolan şol işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik edilýär. Inžener-tehnolog Ogulsapar Jumageldiýewa, ussalar Bahtiýar Mämmedow, Akmyrat G

Nurana ýollar — geljege dowam

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berleni ýaňy ýalydy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan sebitde iri möçberli taslamanyň — halkara derejeli döwrebap awtobanyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen halkara derejeli iri taslamanyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy. Türkmen telekeçileri dünýä ülňülerine laýyk gelýän, zamanabap ýoluň birinji tapgyryny öz wagtynda we ýokary hilli amal etmegi başardylar. Awtobanyň birnäçe ugur boýunça halkara güwänamalara mynasyp bolmagy-da muny doly tassyklaýar. «Aşgabat» menzilinden başlanýan awtoban gadymy Beýik Ýüpek ýoluny yzarlap, Ahal we Mary welaýatlarynyň üstünden geçip, ýurduň gündogaryna — Lebap welaýatyna baryp ýeter. Ol ýurdumyzyň sebitlerini öňküden-de ýakynlaşdyrar, halkara derejede dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkider. Söwda işi bilen meşgullanýan telekeçiler üçin hem bu ýoluň ähmiýeti örän uludyr. Ol türkmen harytlarynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarda hem çalt we isripsiz ýerlenmegine giň mümkinçilikleri döreder.