Döwrüň täze ýüpek ýoly

3 Noýabr 2021
902

Uzak ýoldan, ýakyn ýürekden gelip gowşan islendik närsäniň näderejede gymmatlydygy öz-özünden düşnükli. «Ýürekden çykan sözler ýüreklere ýetýär» diýen aýtgyny hem eşitmedik ýokdur, elbetde! Edil şonuň ýaly, ýurdumyzyň ýüreginden başlanan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hakda-da hemmämiz habarly bolsak gerek?!

Ýurdumyzyň has irki döwürlerde dünýäniň dürli döwletleridir halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyran Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyna taryh gözli şaýat. Häzirki döwürde şol taryhy ýoluň dikeldilýändiginiň aýdyň nyşany bolan, has takygy, 600 kilometrlik döwrüň täze Ýüpek ýolunyň — Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

«Esger».