Ykdysady üstünliklerimiziň nyşany

3 Noýabr 2021
951

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýurdumyzyň milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda: «Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ulgamy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde bank ulgamynyň ygtybarlylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orun eýeleýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, töwekgelçilikleri we maýa goýumlary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyrmak ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir» diýlip bellenilýär.

«Watan».