Döwrebap ýollar — belent menziller

3 Noýabr 2021
864

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň bir ugry halkymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşynyň kepili bolan abadan ýollaryň gurluşygyny giň gerimde ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr.

«Ýol abadan — il abadan» diýen pähimden ugur alýan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, onuň töwereklerinde, welaýatdyr etraplarda, şäherdir obalarda gurulýan ajaýyp ýollar, olaryň ugurlaryndaky döwrebap köprüler halkymyzy hem-de ýurdumyza ýakyn-u-alysdan gelýän myhmanlary, jahankeşdeleri gözelligi, milli özboluşlylygy, inženerçilik gurluşy bilen haýrana goýýar.

Şöhrat MÜLKIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.