Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

3 Noýabr 2021
905

Ilat sanynyň artmagy, halk hojalygynyň ösmegi bilen, agyz suwuna bolan talap ýokarlanýar. Ýurdumyzyň köp sebitlerinde agyz suwy we durmuş zerurlygy üçin, esasan, ýerüsti suwlar ulanylýar. Ýerüsti suwlaryň çäklidigi bilen baglylykda ýerasty suwlaryň gorlarynyň gözlegleri zerurdyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde meýilnamalaşdyrylyp, ýerasty süýji suwlaryň onlarça ýataklarynyň gözleg-agtaryş işleri geçirildi. Ýörite döwlet topary tarapyndan ýerasty süýji suwlaryň ulanyş gorlary tassyklandy.

Soňky ýyllarda berkarar döwletimizde sebitleýin ýerasty suwlaryň ähli artezian howdanlarynyň we ýurdumyzyň gidrogeologik bitewülikleriniň ýerasty suwlarynyň ulanyş gorlaryna baha bermek boýunça uly işler geçirilýär. Aýry-aýry etraplaryň ulanyş gorlaryna sebitleýin baha berlende, anyk suwy ulanyjylaryň suwa bolan islegleri göz öňünde tutulýar.

Nurberdi AGAROW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.