Ykdysady ösüşiň binýady

4 Noýabr 2021
833

Ösüş-özgerişlere beslenip, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistik düzümi barha ösdürilýär. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ösüşi bilen bilelikde sebitiň ösüşinde hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Häzirki taryhy döwürde oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen bir hatarda, sebitde syýasy durnuklylygy goldamakda, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde hem uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gysga döwürde dünýä ähmiýetli ulag taslamalarynyň amala aşyrylmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen berk baglanyşyklydyr. Geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistan Watanymyzyň ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedigini buýsanç bilen bellemek gerek. Harytlaryň içerki we dünýä bazarlaryna çalt ilerledilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy ýurduň bazar ykdysadyýetiniň ösmeginiň, önümçilik-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty iri möçberli ýük akymlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna giň mümkinçilik döredýär. Şeýle hem Gara deňziň ýakasyna, Ýewropa ýurtlaryna çykmak üçin has oňaýly şertleri döredýän deňiz gatnawlarynyň häzirki zaman ulgamyny kemala getirmegiň möhüm halkasy bolmaga gönükdirilendir.

Maýsa MAKGYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.