Ýyllyk meýilnama berjaý edildi

3 Noýabr 2021
858

Hawa, biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleri tebigy gaz öndürmek baradaky ýyllyk meýilnamany möhletinden ep-esli öň üstünlikli berjaý etdiler. Şonda gazylyp alnan «mawy ýangyç» 10 milliard 212,7 million kub metrden hem gowrak boldy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 145 göterime golaý ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

Şeýle guwandyryjy netijeler guýularyň önüm berijiligini artdyrmak, işlemän duran guýulary abatlamak arkaly gaýtadan işe girizmek, işgärleri yhlasly we ýokary netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrmak arkaly gazanyldy. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň pudagy ileri tutup ösdürmäge, onuň önümçilik-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, kärhanalary döwrebap enjamlaşdyrmaga çynlakaý üns berýändigini guwanç bilen belläsim gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda «Malaý» ýatagynda gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga barada aýratyn durup geçmek ýerlikli bolar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň başynda ýyllyk geçirijilik kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan häzirkizaman desgasynyň işine ak pata berdi. Şol buýsançly günlerde bolup geçen taryhy wakalara gatnaşmak bagty maňa-da miýesser edipdi. Şondan bäri geçen döwürde desgada işler öňe ilerleýär — tebigy gazyň öndürilişi aýma-aý artýar. Munuň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň harytlyk önüm bilen ygtybarly üpjün edilmegini şertlendirýär.

Serdar KURBANKULYÝEW,
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.