Paýtagtdan Türkmenabada ýol gelýär

3 Noýabr 2021
927

Ýakynda Aşgabat ― Türkmenabat ýokary tizlikli ýolunyň Aşgabat ― Tejen aralygyndaky birinji tapgyrynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi eziz Watanymyzyň taryhyndaky iň şanly wakalaryň biridir. Şu günlerde ýerli gurluşykçylar bu ýoluň ikinji we üçünji tapgyrlarynyň gurluşygyny hem güýçlendirdiler. Biz ýoluň 125 kilometrlik üçünji tapgyrynda gurluşyk işleriniň barşy bilen gyzyklanyp, «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu bölege jogapkär tehnik-gözegçisi Kamil Halmyradow bilen söhbetdeş bolduk. Gurluşygyň bu tapgyry Türkmenabatda tamamlanar.

― Kamil aga, armaweriň! Ilki bilen, okyjylarymyza ýoluň üçünji tapgyry barada maglumat beräýseňiz.

Söhbetdeş bolan Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.