Türkmen manadynyň 28 ýyllygynyň şanyna

3 Noýabr 2021
848

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Maslahatda edilen çykyşlarda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň türkmen döwletiniň taryhynda möhüm waka bolandygy bellenildi. Bu taryhy waka ýurdumyzyň garaşsyz ykdysady syýasatynyň başlanandygyny alamatlandyryp, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bellenilen sepgitlere üstünlikli ýetmekde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döwlet esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi. Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe-bank ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda gazanylan üstünlikler, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde bank ulgamynyň eýeleýän orny nygtaldy.

"Nesil".