Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

3 Noýabr 2021
813

Ýurdumyzyň kämil desgalary

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň iýun aýynyň 24-ine hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza gelmegi bilen ýurdumyzyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň çäklerinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna döwrebap täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen Marynyň döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 MWt-a deň bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän gazturbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasyny we oňa barýan daşarky tebigy gaz we suw üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň taslamalaryny düzmek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Amerikanyň “General Electric” kompaniýasynyň we “Çalyk Enerji” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berilmeginiň kararyna gol çekmegi ýurdumyzyň elektrik energetika pudagynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri boldy. Ol elektrik stansiýasy 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 8-ine hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizildi.