Döwrüň derwaýys gurluşyklary

3 Noýabr 2021
999

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ilhalar işleri «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň alamatydyr. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gurluşyk pudagyny ösdürmek, pudakda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen, giň gerimli çäreler geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatymyzyň ähli künjeklerinde önümçilik-durmuş maksatly desgalaryň birnäçesi gurulýar. Şunuň ýaly gurluşyk işlerini amala aşyrmakda «Daşoguzobagurluşyk» önümçilik birleşiginiň gurluşykçylarynyň mynasyp orny bar. Gurluşykçylaryň şu günler alyp barýan gurluşyk işleri dogrusynda birleşigiň maliýe-ykdysadyýet we önümçilik tehniki bölüminiň başlygy Mira Haýytbaýewa şeýle gürrüň berdi:

— Birleşik tarapyndan dürli binalaryň gurluşyk hem-de abatlaýyş işleri geçirilip, häzirki wagtda birleşigiň müdirlikleri tarapyndan Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň welaýat müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bölüminiň 2 gatly edara binasynyň 3 sany ýaşaýyş jaýynyň, Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesinde 2 gatly 6 otagly ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň, Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginiň täze, döwrebap obasynda edara binasynyň hem-de welaýatymyzda başga-da dürli binalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hünärmenlerimiz binalary we jaýlary bezemek hem-de döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly abatlaýyş işleriniň doly toplumyny amala aşyrýarlar. Guwanç Öwezowyň ýolbaşçylyk edýän 1-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň ussalary Döwletýar Bekmedow, Şöhrat Kartanow, Geldi Muhanow, mehanizasiýa bölüminiň başlygy Maksat Babaýew dagy gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hil derejesinde ýerine ýetirýärler. Gurluşyk işleriniň göwnejaý gitmeginde sürüjileriň mynasyp orny bardyr. Olardan şu müdirligiň sürüjileri Durdy Özbekowyň, Daýanç Nurmedowyň atlaryny aýratyn tutmak bolar. Şeýle hem dürli gurluşyk işlerini alyp barmakda Maksat Muhamowyň ýolbaşçylygyndaky 3-nji, Bahtiýar Ýakupbaýewiň ýolbaşçylyk edýän 5-nji gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň öz hünärine ökde ussalary hem öndürijilikli işleýärler. Häzirki wagtda gurluşyk işleri alnyp barylýan derwaýys desgalaryň biri hem S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Buýanly obasyndaky 600 okuwça niýetlenen orta mekdepdir. Ony Şöhrat Nurullaýewiň ýolbaşçylyk edýän 6-njy gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri bina edýärler. 4 gektardan gowrak meýdany tutýan iki gatly binada synp otaglaryndan başga-da, mejlisler we sport zallary, naharhana we beýleki zerur jaýlar göz öňünde tutulan. Mekdepde futbol meýdany, basketbol we woleýbol meýdançalary, şeýle hem kömekçi tehniki binalar guruldy. Şu günler binanyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bilim bermegiň döwrebap enjamlary bilen üpjün ediljek täze mekdepde ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we olaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Gurluşyk işlerini göwnejaý alyp barmakda müdirligiň ussalaryndan Bahram Mätnazarow, Myrat Kadyrow dagy has-da öndürijilikli işläp, ýokary iş netijelerini görkezýärler.

Gürrüňi ýazga geçiren Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».