Şanly senäniň şanyna

3 Noýabr 2021
792

1-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen bagly möhüm meseleler girizildi.

Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.

«Aşgabat».