"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Älem-jahana nusgalyk türkmen Bitaraplygy

Arş-u-Zemin arasynda ynsanperwer türkmeniň,Heňňam içre, taryh içre mälim gadym halkdygy.Berkararly Watanymda ykrar menim, erk menim,Älem-jahana nusgalyk türkmen Bitaraplygy. Milli Lider paýhasyndan jan Watan öňe barýar,Parahatlyk ýörelgesi bütin dünýä ýaň salýar,Sahy topragyň gül meňzi çar pasylda gülgüzar,Älem-jahana nusgalyk türkmen Bitaraplygy.

Ynam — dostluga, dostluk — ösüşe, ösüş — parahatçylyga ýol açýar

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» kitabynda: «Biziň Bitaraplygymyz ynama esaslanýan dostluga, dostluk arkaly ösüşe, ösüş arkaly parahatçylyga ýol açýar» diýip belleýşi ýaly, döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ilkinji günlerinden dünýäniň söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, ulag-logistika, ynsanperwer-hukuk, medeni-sport we ekologiýa giňişliginde işjeňlik görkezýär. Beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda guraýan ýurdumyz halklaryň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşdyrylmagyna, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine jogapkärli çemeleşýär. Parasatly pederlerimiziň erk-isleginden kemala gelen asylly ýörelgelerini nusga edinýän mähriban halkymyz özüniň tebigy baýlyklaryny, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitlerine we durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine gönükdirýär. Dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk kadalarynda bellenilen adam hukuklaryny hem azatlyklaryny ykrar edýän Türkmenistan parahatçylygy dörediji syýasaty bilen ählumumy howpsuzlygyň berkidilmegine saldamly goşant goşýar. Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz Türkmenistan bu gün parahatçylygy, oňşuklylygy döwlet hem-de halkara şygaryna çykaryp, dünýä ýurtlaryny birek-birege hormat goýmaga, özara gatnaşykl

Şygryýet älemi

Köňül buýsanjy Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy,Geljege baky dowamatymyzdyr.Bitaraplyk — erkinligiň syrdaşy,Bitaraplyk baky ganatymyzdyr.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ykrarnamasy

Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy halkara giňişliginde türkmen halkynyň özboluşly taryhy aýratynlygyny beýan edýär. Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen goňşy bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmak, birek-birege kömek bermek, goldamak, howandarlyk etmek ýaly ynsanperwer häsiýetleri bilen şu günki gün Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan türkmen halkynyň dünýäde öz mynasyp ornuny tutýandygy biziň her birimiz üçin buýsançlydyr. Bitaraplyk syýasatynyň öz gözbaşyny halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerinden we ruhy köklerinden alyp gaýdýandygyna taryhyň sahypalary hem şaýatlyk edýär. Häzirki zaman jemgyýetçilik ylymlary türkmen Bitaraplygynyň dünýä nusgalykdygyny ykrar etdi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi hem ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň maksatlarynyň goldanmagyny tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibiniň biragyzdan goldanmagy Türkmenistanyň abraýyny dünýäniň öňünde ýene bir gez beýgeltdi.

Hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň soňky aýy hem şatlykly günlere doldy. Halkara Bitaraplyk gününde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy bu baýramçylygyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bu şygryň beýik çagyryşy her birimiziň kalbymyzy belent joşguna, buýsanja besledi. Çünki, parahat durmuş tutuş adamzadyň arzuwydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýip, buýsanç bilen nygtaýar. Hakykatdan-da, hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy, dünýä bileleşiginde tutýan orny, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar.

Umumadamzat üçin beýik taglymat

Biziň her birimiziň, her bir ýurduň halkynyň, ähli ilatynyň, tutuş adamzadyň asuda, abadan durmuşyny, bagtly ýaşaýşyny üpjün etmegiň ilkinji şerti parahatçylyk bolup durýar. Şonuň üçin parahatçylyga, ony gazanmaga, üpjün etmäge, onuň gadyr-gymmatyny bilmäge çagyryş hemişe belent ýaňlanýar. Biz muňa halkymyzyň taryhyna ser salanymyzda hem, akyldarlarymyzyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň pent-sargytlaryna, öwüt-ündewlerine pähim kylanymyzda hem, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň wajyplygy barada pikir ýöredenimizde hem açyk-aýdyň göz ýetirýäris. Bu pikir beýik pikirdir. Sebäbi parahatçylygyň bolan ýerinde durmuş gülläp ösýär. Parahatçylygyň bolan ýerinde asudalyk, abadan durmuş höküm sürýär.

Parahatçylygyň belent waspy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda medeniýeti we sungaty ösdürmekde durmuşa geçirilýän ägirt uly işler giň gerime eýe bolýar. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda beýik işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem, ýurdumyzda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi baky Bitaraplygymyzdan gelip çykýan ýol-ýörelgedir. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelge dünýä ýaýylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz taryhy wakalaryň şaýady bolýarys. Ynha, hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde ajaýyp goşgusyny okady. Goşgy «Ýaşasyn parahat durmuş!» diýlip atlandyrylyp, ol parahatçylygyň, asuda durmuşyň belent waspydyr. Aslynda, şeýle ajaýyp goşgular ähli adamzadyň ýürek owazyna öwrülýär. Sebäbi, goşgudaky öňe sürülýän pikirler ähli ynsanyň arzuwy, köňül islegi bolup durýar. Şeýle beýik pikirler, ideýalar adamzat üçin has-da ýakymlydyr. Olar millionlarça ynsanlary bir pikiriň daşyna — parahatçylyk hakyndaky ýörelgä jemleýär.

Külli ynsanyň hakyna...

Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusy — parahatçylygyň senasy Sanlyja gün ozal ýurdumyzda, asyl-ha, dünýäde Halkara Bitaraplyk güni giňden baýram edildi. Şanly senäniň giň gerimli wakalary bir hakykaty — Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiň 30, hemişelik Bitaraplygyň 26 ýyly içinde deňli-derejeli, medetli-mertebeli, sözi diňlenilýän, orny oňlanylýan kuwwatly döwlete öwrülendigini ýene bir gezek tassyklady. Ösüşiň täze gözýetimlerini açdy.

Ýaşasyn Parahat Durmuş!

Meniň sözüm – könäň sözi,Meniň sözüm – täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna,Bütin dünýäniň hakyna,Saklanalyň, adamlar! Millionlarça ykbalaGyýa garamak bolmaýar,Ýowuz daramak bolmaýar!Soňsuz asmanyň hakyna, Beýik Zeminiň hakyna, Saklanalyň, adamlar!

Türkmenistan — halkara guramalarynyň üns merkezinde

2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty dünýä ähmiýetli waka hökmünde taryha girdi. Halkara maslahatyň dowamynda ençeme halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça halkara resminamalaryna gol çekildi. Şolaryň arasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna», şeýle hem «Ýaşlaryň 2021—2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge, gender deňligini we ýaşlaryň gatnaşygyny ilerletmäge gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasyndaky 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.

Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

Watanymyzda bellenilen uly toý – Halkara Bitaraplyk güni ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýyny ýene bir ýola äşgär etdi. Şol günleriň taryhy wakalary bütin dünýäniň ünsüni bedew bady bilen ösýän Watanymyza gönükdirdi. Elbetde, eziz Diýarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny dünýä üçin nusgalykdyr. Galyberse-de, munuň sport ulgamynda hem şeýledigine ünsi çekmek gerek. Ýurdumyzda geçirilýän dünýä, yklym derejesindäki hem-de beýleki halkara ýaryşlar, olaryň diýseň ýokary guramaçylygy aýdylanlary subut etmek üçin ýeterlikdir. Iň iri sport guramalarydyr, federasiýalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bolsa munuň üstüni ýetirýär. Şol bir wagtyň özünde hem, BMG-niň degişli guramalary bilen şu ulgamda alnyp barylýan gatnaşyklar Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam goýýandygyny görkezýär. Watanymyzyň şeýle ösüşleriniň, özgerişleriniň başynda duran Arkadag Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde amal edilýän taryhy başlangyçlar, ähmiýetli ädimler Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň möhüm bölegidir. Şeýle üstünliklerimiziň ählisiniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ýaşlar syýasaty we halkara hyzmatdaşlyk

Daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda hereketlendiriji güýç hasaplanýan ýaşlar baradaky syýasaty durmuşa geçirmekde milli derejeden halkara derejesine çenli tagallalaryň birleşdirilýändigini bellemek ýerliklidir. Türkmenistanda sagdyn we ýokary düşünjeli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki işler yzygiderli dowam etdirilýär. 2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli çäräniň dowamynda bu guramanyň «Ýaşlar 2030» strategiýasy durnukly ösüş maksatlaryna ýaşlary çekmegiň zerurlygy baradaky tagallalary birleşdirmäge gözükdiriji boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Bu işleriň dowamy hökmünde bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň tassyklanandygyny ýatlamalydyrys. Gatnaşyklaryň ösüş çygrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Millet

Bitaraplyk — baky berkararlygyň binýady

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýaş türkmen döwletiniň parahat söýüjilikli we ynsanperwer daşary syýasatyna halkara bileleşiginiň beren ýokary bahasydyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi bolsa Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň doly subutnamasydyr. Rezolýusiýada sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we aýgytlaýjy ähmiýeti, halkara gatnaşyklary ulgamynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ykrar edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tamamlanyp barýan 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy mähriban Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary bilen her bir ýylymyzyň ata Watanymyzy özgerdiji umumadamzat bähbitli ýörelgelere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Parahatçylygyň belent ýaňy

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» goşgusyna bagyşlanan «Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet we sungat ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Artistler döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusyny uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Çykyş edenler täze eseriň, ilkinji nobatda, ýaş nesiller üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini bellediler. Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze şahyrana eseri parahatlyga çagyryş bolup, onda halkymyzyň geçmiş taryhynyň dowamynda iň çylşyrymly meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge ygrarly bolandygy ýiti şahyranalyk bilen beýan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde SÖZLÄN SÖZI

(2021-nji ýylyň 12-nji dekabry) Hormatly adamlar!

Bagtyýarlyk mekany

Aşgabat bu gün döretmegiň we özgertmegiň ýoly bilen, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin ähli amatlyklary bolan şäher hökmünde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbi barha gözelleşýär, ýaşamak, işlemek we dynç almak, jahankeşdelik üçin amatly şertler döredilýär, ak şäherimiz dünýä we halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Munuň şeýledigine Aşgabat şäherini ösdürmegiň dürli tapgyrlarynda gurlan binalaryň we desgalaryň ýüzlerçesi aýdyň şaýatlyk edýär. Täze, döwrebap desgalaryň her biri özüniň binagärlik keşbi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen bina edilýän täsin desgalar merjen şäherimiziň giň we aýna ýaly tekiz şaýollary, ýaşyl öwüsýän seýilbaglary, müň öwüşginli suw çüwdürimleri bilen özboluşly sazlaşýar. Şol ajaýyp sazlaşyk bolsa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren ak mermerli Aşgabadymyza bolan söýgimizi, buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Garagum diýlende, uç-gyraksyz, özüniň dört pasyldaky taýsyz gözelligi bilen haýrana goýýan ajaýyp sähramyz göz öňüňe gelýär. Bu sähra hakda döredilen goşgulardyr aýdymlar bolsa sanardan kän. Golaýda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu gözel sähra bilen adybir köpugurly işewürlik

Eşretli ýaşaýşyň kepili

Golaýda TKA-nyň guramagynda welaýatymyzyň gözelligine gözellik goşýan «Mary» myhmanhanasynda «tegelek stoluň» başynda “Bitaraplyk türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň kepilidir” atly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäräni TDEI-niň mehanika we metallaryň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Ýazgeldi Ýakubow alyp bardy. Onda Türkmenistanyň ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Ýolöten etrap geňeşiniň başlygy Begenç Myradow, welaýatymyzyň halk döredijilik merkeziniň baş hünärmeni Bezirgen Hommadow çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň bize beren dost-doganlyk gatnaşyklary, ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Diýarymyzyň ösüş-özgerişleri, daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary, dünýäniň iň iri maýa goýum kompaniýalary bilen ylalaşyklary barasynda durup geçdiler. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň toýy bilen mähriban Arkadagymyzy, eziz halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar.

Ýylyň ýyldan parhy kän

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber uly tagallasynyň netijesinde biziň eziz Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetde, medeniýetde ýokary görkezijilere eýe bolup, batly gadamlar bilen dünýäni haýrana goýýar. Ýurdumyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem şol ösüş depginini saklaýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz yzygiderli nygtaýar. Tamamlanyp barýan bu ýylyň ykdysady görkezijileriniň ýokary bolup, şöhratly ýyla öwrülmegi üçin halkymyz janaýamazakly zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Şu ýerde oba hojalygy pudagynda gazanylan üstünlikleri agzap geçmek ýakymlydyr. Gürrüňini edýän şu ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ak bugdaýyň we “ak altynyň” bol hasyly alyndy.

Parahatçylygyň we ylalaşygyň Arkadagy

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejede giň goldawa eýe bolan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz halkara gatnaşyklaryň gün tertibinde duran möhüm wezipeleri Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, deňhukukly hem-de köptaraply dialogy amal etmek arkaly işjeň durmuşa geçirýän ynamdar döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylyk ideýasyny diplomatiýanyň mümkin bolan ähli serişdeleri arkaly wagyz edýär. Netijede, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän ýylda halkara durmuşyň we ylalaşygyň merkezi hökmündäki işjeň ornuny has-da berkitdi. 11-nji dekabrda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahatyň netijeleri döwletimiziň parahatçylyk strategiýasynyň ykrarnamasy, parahatçylygy we ynanyşmagy dikeltmekde bilelikdäki tagallalaryň jemi hökmünde çykyş etdi.

Ýaşasyn parahat durmuş!

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Meniň sözüm — könäň sözi,Meniň sözüm — täzelik däl:Ýaraglaň sesi, sem boluň!Mukaddes zatlaň hakyna, Bütin dünýäniň hakyna, Saklanalyň, adamlar!