Ýaşlar syýasaty we halkara hyzmatdaşlyk

17 Dekabr 2021
1414

Daşary syýasatda Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda hereketlendiriji güýç hasaplanýan ýaşlar baradaky syýasaty durmuşa geçirmekde milli derejeden halkara derejesine çenli tagallalaryň birleşdirilýändigini bellemek ýerliklidir.

Türkmenistanda sagdyn we ýokary düşünjeli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki işler yzygiderli dowam etdirilýär. 2018-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli çäräniň dowamynda bu guramanyň «Ýaşlar 2030» strategiýasy durnukly ösüş maksatlaryna ýaşlary çekmegiň zerurlygy baradaky tagallalary birleşdirmäge gözükdiriji boldy diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Bu işleriň dowamy hökmünde bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasynyň tassyklanandygyny ýatlamalydyrys. Gatnaşyklaryň ösüş çygrynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasynda «Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge we gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna hem aýratyn orun degişlidir. Ýaşlar syýasaty ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda ýurdumyzyň hökümeti bilen BMG-niň «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanyşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly bilelikdäki maksatnamasyna badalga berlip, şol gün wideoaragatnaşyk arkaly bu maksatnamanyň Dolandyryjylar Komitetiniň birinji mejlisiniň geçirilendigini aýtmalydyrys.

Berdimyrat SÄHEDOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýaşlar syýasaty we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň baş hünärmeni.