Parahatçylygyň belent waspy

19 Dekabr 2021
1478

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda medeniýeti we sungaty ösdürmekde durmuşa geçirilýän ägirt uly işler giň gerime eýe bolýar. Milli mirasymyzy dünýä ýaýmakda, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda beýik işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem, ýurdumyzda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi baky Bitaraplygymyzdan gelip çykýan ýol-ýörelgedir. Şonuň üçin hem bu asylly ýörelge dünýä ýaýylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz taryhy wakalaryň şaýady bolýarys. Ynha, hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli döwlet kabul edişliginde ajaýyp goşgusyny okady. Goşgy «Ýaşasyn parahat durmuş!» diýlip atlandyrylyp, ol parahatçylygyň, asuda durmuşyň belent waspydyr. Aslynda, şeýle ajaýyp goşgular ähli adamzadyň ýürek owazyna öwrülýär. Sebäbi, goşgudaky öňe sürülýän pikirler ähli ynsanyň arzuwy, köňül islegi bolup durýar. Şeýle beýik pikirler, ideýalar adamzat üçin has-da ýakymlydyr. Olar millionlarça ynsanlary bir pikiriň daşyna — parahatçylyk hakyndaky ýörelgä jemleýär.

Täjibaý TAŇRYBERDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.