Bagtyýarlyk mekany

17 Dekabr 2021
1389

Aşgabat bu gün döretmegiň we özgertmegiň ýoly bilen, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin ähli amatlyklary bolan şäher hökmünde ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde paýtagtymyzyň binagärlik keşbi barha gözelleşýär, ýaşamak, işlemek we dynç almak, jahankeşdelik üçin amatly şertler döredilýär, ak şäherimiz dünýä we halkara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Munuň şeýledigine Aşgabat şäherini ösdürmegiň dürli tapgyrlarynda gurlan binalaryň we desgalaryň ýüzlerçesi aýdyň şaýatlyk edýär. Täze, döwrebap desgalaryň her biri özüniň binagärlik keşbi bilen göreniň ünsüni özüne çekýär. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen bina edilýän täsin desgalar merjen şäherimiziň giň we aýna ýaly tekiz şaýollary, ýaşyl öwüsýän seýilbaglary, müň öwüşginli suw çüwdürimleri bilen özboluşly sazlaşýar. Şol ajaýyp sazlaşyk bolsa Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna giren ak mermerli Aşgabadymyza bolan söýgimizi, buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Garagum diýlende, uç-gyraksyz, özüniň dört pasyldaky taýsyz gözelligi bilen haýrana goýýan ajaýyp sähramyz göz öňüňe gelýär. Bu sähra hakda döredilen goşgulardyr aýdymlar bolsa sanardan kän. Golaýda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu gözel sähra bilen adybir köpugurly işewürlik merkezli, paýtagtymyzyň gözel keşbine görk goşýan ýene-de bir binanyň kaşaň «Garagum» oteliniň açylmagy mähriban halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy.

Baýramgül GELDIMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.