Türkmenistan — halkara guramalarynyň üns merkezinde

17 Dekabr 2021
1607

2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagtymyzyň Maslahatlar merkezinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty dünýä ähmiýetli waka hökmünde taryha girdi.

Halkara maslahatyň dowamynda ençeme halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek boýunça halkara resminamalaryna gol çekildi. Şolaryň arasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna», şeýle hem «Ýaşlaryň 2021—2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge, gender deňligini we ýaşlaryň gatnaşygyny ilerletmäge gurallaryny pugtalandyrmak» atly taslamany ýerine ýetirmegiň Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasyndaky 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekildi.

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.