Halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry

17 Dekabr 2021
1293

Watanymyzda bellenilen uly toý – Halkara Bitaraplyk güni ýurdumyzyň halkara arenasyndaky abraýyny ýene bir ýola äşgär etdi. Şol günleriň taryhy wakalary bütin dünýäniň ünsüni bedew bady bilen ösýän Watanymyza gönükdirdi. Elbetde, eziz Diýarymyzyň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny dünýä üçin nusgalykdyr. Galyberse-de, munuň sport ulgamynda hem şeýledigine ünsi çekmek gerek. Ýurdumyzda geçirilýän dünýä, yklym derejesindäki hem-de beýleki halkara ýaryşlar, olaryň diýseň ýokary guramaçylygy aýdylanlary subut etmek üçin ýeterlikdir. Iň iri sport guramalarydyr, federasiýalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bolsa munuň üstüni ýetirýär. Şol bir wagtyň özünde hem, BMG-niň degişli guramalary bilen şu ulgamda alnyp barylýan gatnaşyklar Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine ynamly gadam goýýandygyny görkezýär.

Watanymyzyň şeýle ösüşleriniň, özgerişleriniň başynda duran Arkadag Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde amal edilýän taryhy başlangyçlar, ähmiýetli ädimler Watanymyzyň döwrebap ösüşleriniň möhüm bölegidir. Şeýle üstünliklerimiziň ählisiniň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Yhlas ATDANOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.