Hoşniýetliligiň aýdyň ýoly

19 Dekabr 2021
1577

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň iň soňky aýy hem şatlykly günlere doldy. Halkara Bitaraplyk gününde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgusy bu baýramçylygyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bu şygryň beýik çagyryşy her birimiziň kalbymyzy belent joşguna, buýsanja besledi. Çünki, parahat durmuş tutuş adamzadyň arzuwydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýip, buýsanç bilen nygtaýar. Hakykatdan-da, hemişelik oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy, dünýä bileleşiginde tutýan orny, parahatçylygy, ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti has-da ýokarlanýar.

Gülälek GULÇAÝEWA,
Bereket etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy.