Umumadamzat üçin beýik taglymat

19 Dekabr 2021
1329

Biziň her birimiziň, her bir ýurduň halkynyň, ähli ilatynyň, tutuş adamzadyň asuda, abadan durmuşyny, bagtly ýaşaýşyny üpjün etmegiň ilkinji şerti parahatçylyk bolup durýar. Şonuň üçin parahatçylyga, ony gazanmaga, üpjün etmäge, onuň gadyr-gymmatyny bilmäge çagyryş hemişe belent ýaňlanýar. Biz muňa halkymyzyň taryhyna ser salanymyzda hem, akyldarlarymyzyň, Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň pent-sargytlaryna, öwüt-ündewlerine pähim kylanymyzda hem, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň wajyplygy barada pikir ýöredenimizde hem açyk-aýdyň göz ýetirýäris. Bu pikir beýik pikirdir. Sebäbi parahatçylygyň bolan ýerinde durmuş gülläp ösýär.

Parahatçylygyň bolan ýerinde asudalyk, abadan durmuş höküm sürýär.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».