Parahatçylygyň belent ýaňy

17 Dekabr 2021
1367

15-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Ýaşasyn parahat durmuş!» goşgusyna bagyşlanan «Arkadagyň parahatçylyk ýörelgesi — dünýä nusgalyk görelde» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa medeniýet we sungat ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy bilen başlandy. Artistler döwlet Baştutanymyzyň täze goşgusyny uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler.

Çykyş edenler täze eseriň, ilkinji nobatda, ýaş nesiller üçin ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini bellediler. Dabara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiziň täze şahyrana eseri parahatlyga çagyryş bolup, onda halkymyzyň geçmiş taryhynyň dowamynda iň çylşyrymly meseleleri hem gepleşikler arkaly çözmäge ygrarly bolandygy ýiti şahyranalyk bilen beýan edilýär.