Parahatçylygyň we ylalaşygyň Arkadagy

17 Dekabr 2021
1533

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejede giň goldawa eýe bolan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz halkara gatnaşyklaryň gün tertibinde duran möhüm wezipeleri Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, deňhukukly hem-de köptaraply dialogy amal etmek arkaly işjeň durmuşa geçirýän ynamdar döwletleriň hatarynda tanalýar. Ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylyk ideýasyny diplomatiýanyň mümkin bolan ähli serişdeleri arkaly wagyz edýär. Netijede, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän ýylda halkara durmuşyň we ylalaşygyň merkezi hökmündäki işjeň ornuny has-da berkitdi.

11-nji dekabrda, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahatyň netijeleri döwletimiziň parahatçylyk strategiýasynyň ykrarnamasy, parahatçylygy we ynanyşmagy dikeltmekde bilelikdäki tagallalaryň jemi hökmünde çykyş etdi.

Esen AÝDOGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, taryh ylymlarynyň doktory.