"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Ak piläniň belent harmany

Welaýatymyzyň zähmetsöýer pileçileriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýüpekçilik möwsüminde pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý edip, gazanan uly üstünlikleri hemmeleri guwandyrdy. Bu olaryň hormatly Prezidentimiziň giň gerimli goldawlaryna daýanyp çeken agzybirlikli zähmetleriniň beren ajaýyp netijesidir. Şeýle belent sepgide abraý bilen ýetilmegine ussat pileçi kärendeçileriň köp sanlysy saldamly goşant goşdular. Şu ýerde olaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Ogulsapar HANOWA, Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň pileçi kärendeçisi:

01 duýdurýar!

Bereketli hasyly goralyň! Galla oragy möwsüminde hasylyň ýygnalýan hem-de daşalýan döwründe ýangyn howpunyň öňüni almak maksady bilen, welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi şulary ýatladýar:

Her dänesi gymmatly

Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň her bir dänesi mukaddesdir. Bugdaýly meýdanlardan halkymyzyň gymmatly baýlygyny soňky dänesine çenli ýygnap almagy maksat edinýän Ahal ýaýlasynyň gallaçylary möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna ak pata berlenine sanlyja günüň geçendigine garamazdan, kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara gelip gowşan hasylyň möçberi müňlerçe tonna ýetdi. Munuň özi welaýatda häzirki jogapkärli möwsümde işleriň sazlaşykly we utgaşykly ýola goýlandygynyň güwäsidir.

Altyn sümmülleriň aýdymy

Altyn sümmüller bilen jäheklenen bugdaýly meýdanyň täsin gözelligi bar. Ol görnüşde sahawatly topragyň berekedi, babadaýhanyň ýadawsyz zähmetiniň rehneti, ulus-iliň saçak-suprasynyň bolçulygy şöhlelenýär. Ata-babalarymyzyň alyn deri siňen keramatly topragymyzyň gadymy ekerançylygyň mekanydygyna bolan buýsanç kalbymyzy nepeslendirip, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Amerikan alymy R.Pampelli geçen asyryň başlarynda Änewde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan gadymy bugdaý däneleriniň üsti bilen, bu topragyň bugdaýyň medeniýetleşdirilen görnüşiniň ilkinji watanydygyny subut etdi. Gadymy Merwden, Nusaýdan we beýleki taryhy ýerlerden tapylan küýzegärlik önümlerinde şekillendirilen üzüm hoşalary, bugdaý sümmülleri, bereketlilik nyşany hasaplanylýan Bugdaý enäniň şekilleri topragymyzyň gadymy döwürlerde-de bol hasyla baý bolandygyna şaýatlyk edýär. Ýaýylyp ýatan bugdaýly meýdanlar gözüňi-göwnüňi dokundyrýar, bereket-bolçulygyň, abadançylygyň nyşany bolup, kalplara kanagatlylyk, bereketlilik duýgusyny çaýýar. Halkymyzyň bugdaýa, çörege bolan mukaddes gatnaşygy her birimiziň gündelik durmuşymyza ýaşaýşyň kanuny ýaly ornaşyp, ömrümiziň her bir pursadynda şöhlelenýär. Ejeleriň tamdyr başynda çörek ýapyşlary, toýda goňşy daýzalaryň gazana çelpek ýapyşlary, gelnejeleriň pişmedir gatlakly bişirişleri, ýaşulularyň üýşüp çörek dograýyşlary... her birimiz üçin durmuş pursatlarymyzyň iň adat

Galla oragy – 2023: azyk bolçulygy – jemgyýetiň abadançylygy

5-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Maslahatda Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

«Meňzäp topragymyň tylla täjine, Şugla saçsyn mydam Gün ýaly, bugdaý!»

Hormatly Prezidentimiz golaýda bugdaý oragynyň başlanmagyna ak pata berdi. 2-nji iýunda ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň gallaçy daýhanlary üçin ýatdan çykmajak dabaralaryň biri boldy. Şol gün daň saz berenden her welaýatda galla oragyna «Bismilla» diýip, badalga bermek üçin ýörite saýlanyp alnan meýdanlar toý lybasyna beslendi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan myhmanlaryň kalplary şatlykdan, köňülleri buýsançdan doludy. Çünki ol gün gallaçy daýhanlar bir ýyla golaý mele toprakda çeken azaplarynyň bol hasylyny orup, Watan harmanyna tabşyrmaga badalga aldylar. Daýhanyň abraý-mertebesini göterýän, şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly günde gazetimiziň ýörite habarçylary gallaçy kärendeçilerdir mehanizatorlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirdiler. Myratgeldi ALLANOW,Parahat ANNABERDIÝEW,Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň kärendeçileri:

Tohum mallary köpeltmek — döwrüň talaby

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk mallary tohum mallara we tohum däl, ýagny adaty mallara bölünýär. Adaty mallara başgaça harytlyk mallar hem diýilýär. Sebäbi olar et-ýag, süýt, ýüň we beýleki önümleri öndürmek üçin köpeldilýär. Tohum mallar bolsa, şol tohumyň genofonduny – nesil goruny saklamak we kämilleşdirmek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Tohum mallar öz durkuny nesline dolulygyna, durnukly we yzygiderli geçirmäge ukyply mallardyr. Has takygy, olar öz tohumyna mahsus bolan alamatlary — mallaryň daşky görnüşini, beden gurluşyny we ölçeglerini, çalt ösüp ýetişmek häsiýetini, önüm berijilik, nesil öndürmek we ýerli şertlere uýgunlaşmak boýunça genetiki ukybyny nesline dolulygyna geçirip bilýär. Olaryň önüm berijiligi harytlyk mallara garanda, ortaça 25 – 30 göterim ýokarydyr. Tohum mallar öz tohumyna degişli we genetiki taýdan ýokary önüm berijiligi hem-de ýokary tohum hili bilen tapawutlanýan mallary üznüksiz köpeltmäge ukyply mallardyr.

Goýun derileriniň görnüşleri

Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda öndürilýän gymmatly çig mallaryň biri-de deridir. Deri çig maly dünýä bazarynda uly ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyzda goýun derileri özüniň ýüň örtüginiň häsiýetine we deriden taýýarlanýan egin-eşikleriň hem-de beýleki deri önümleriniň ulanylyşyna görä birnäçe topara bölünýär: içmeklik ýa-da possunlyk deriler, sütüklik we gönlük deriler. Içmeklik ýa-da possunlyk deriler, esasan, irimçik we ýarym irimçik ýüňli goýunlardan alynýar. Derileriň ýüň örtüginiň gurluşy birsydyrgyn bolmaýar. Şonuň üçin içmek tikmäge taýýarlanylýan deri ýüňüniň uzynlygy 1,5 santimetrden pes bolmaly däldir. Içmeklik we possunlyk derilerden taýýarlanan eginbaşlar deriniň sarly ýüzi (ýüňsüz, takyr tarapy) daşyna edilip geýilýär. Şonuň üçin hem deri gaýtadan işlenilende, onuň sarly tarapynyň hiline esasy talap bildirilýär. Şeýlelikde, eýlenen deri ýumşak, ýuka, ýeňil, maýyşgak hem-de örän pugta bolmalydyr. Ýüň örtügi bolsa gür, sypyrylmaga durnukly bolmalydyr. Biziň ýurdumyzda içmeklik hem possunlyk deriler saryja we garaköli tohumly goýunlardan alynýar.

Dabaraly maslahat

Zähmet ýeňşiniň toýy Düýn, welaýat merkezinde ýerleşýän Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda 2023-nji ýylda welaýatymyzda pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi mynasybetli welaýat häkimliginiň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi.

«Ýüpegiň uçly bolsun!»

Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde halkymyza ýene-de bir buşluk habary ýetirildi: ýurdumyzyň ussat ýüpekçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde Watan harmanyna 2 müň 300 tonnadan gowrak pile tabşyryldy. «Biz ýüpekçiligi ösdürmek üçin köp işleri ýerine ýetirýäris. Geljekde-de bu pudaga uly üns bereris» diýip hormatly Prezidentimiz belledi. ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri ýurdumyzda saparda bolmagynyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynyň üstüniň «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, degişli güwänamalary gowşurdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu hoş habar baý medeni mirasyny aýawly saklap, ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däplerini, inçe syrlaryny, häzirki zaman gazananlaryny ýaşlara öwretmekde, bu ugurlarda ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba h

Döwrebap toplumda işler ileri

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmen toplumynda ýokary hil talaplaryna laýyk taýýarlanýan un täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. Toplumyň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan degirmeni her ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasynda göwrümleri, degişlilikde, 50 müň we 30 müň tonna däne saklaýan elewatorly, her gije-gündizde 200 tonna däne üwemäge niýetlenip gurlan degirmen toplumy hemişe öňdebaryjylaryň hatarynda bolmagy başarýar. Toplumyň önümçiliginde ýörite çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her birinde 8 müň 333 tonna däne islendik howa şertlerinde talabalaýyk saklanylýar. Önümçilik sehi, elektrik bekedi, suw arassalaýjy desga, arassaçylyk-durmuş gullugynyň jaýy, däne ýüklemäge we düşürmäge niýetlenen bölüm, ammar jaýlarydyr beýlekiler bu ýerde gündelik işleri netijeli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desgadaky işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Topluma hem demir ýol şahasy, hem awtomobil ýoly barýar. Bu ýerde dänäniň agramyny çekmek üçin uly gapanlaryň 3-si bar. Toplumda tehniki we beýleki maksatlar üçin ulanylýan önümçilik hem-de ygal suwlary bir ýere ýygnalýar, gaýtadan arassalanylýar we toplumyň h

Päk zähmetiň sarpasy

Şu gün welaýat häkimliginde Watanymyza pile tabşyrmak baradaky borçnamanyň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşan lebaply kärendeçileriň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabarada hormatly Prezidentimiziň ýüpekçileriň zähmetine ýokary baha berendigi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Welaýatymyzyň ýüpekçileri her ýylda Watanymyzyň kümüşsöw çäjine 1010 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýärler. Şu günki dabarada hem ýurdumyzda ýüpekçiligiň ösmegine saldamly goşant goşan öňdebaryjy pileçileriň atlaryna öwgüli sözler aýdyldy. Öňdebaryjy ýüpekçiler geljekki ýyllarda hem zähmet netijelerini has ýokarlandyrjakdyklaryna, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegine ýene-de zähmet goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň soňunda öňdebaryjy ýüpekçileriň hormatyna hoş owazly aýdym-sazlar ýaňlanyp, göçgünli tanslar ýerine ýetirildi.

Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi

Welaýatymyzyň pileçi kärendeçileri, ussat ýüpekçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guwandyryjy netijelere eýe bolup, zähmet ýeňşini gazandylar. Olar şu möwsümde 12,5 müň guty ýüpek gurçugyny göwnejaý idetmek bilen, kemala getirilen 500 tonnadan gowrak pile hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Möwsümiň dowamynda welaýatymyz boýunça 12507 sany pileçi kärendeçi şu ugurda iş alyp bardy. Olar ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, talabalaýyk saklamak bilen, ýadawsyz alada etdiler. Bu bolsa bereketli pile hasylynyň öndürilmegine şert döretdi.

NOU-TILL — DESSIN EKIŞ GEÇIRMEGIŇ DÖWREBAP USULY

Gazetiň geçen sanynda aralyk ekinler baradaky makalany okyjylaryň dykgatyna ýetiripdik. Geçen gezekki makalada hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistanda her ýylda ýüz müňlerçe (şu ýyl 690 müň gektar) gektar ýerde bugdaý hasyly ýetişdirilýär. Şonuň üçin-de, şeýle giň meýdanlardan yssa çydamly, az suw talap edýän, gysga wagtda ýetişýän aralyk ekin görnüşlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik bar. Aralyk ekiniň esasy şertleriniň biri-de, ondan soňraky ekişi gijä goýmaz ýaly ähli agrotehniki işleri dessin ýerine ýetirmekdir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, bu gün dünýäde «nou-till» (No-Till) diýlip atlandyrylýan ekiş usuly barada okyjylara ýetirmegi müwessa bildik. Nou-till usuly häzirki wagtda oba hojalygy boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy döwletlerinde giňden ulanylýar. Bu usul biziň ýurdumyzda hem türkmen telekeçileri tarapyndan mäşiň önümçiliginde synag edildi. Synaglar üstünlikli geçdi. Nou-till usulynyň artykmaç tarapy, ol örän giň meýdanlarda gysga wagtda ekiş geçirmäge şert döredýär. Mysal üçin, aralyk ekin bir telekeçi tarapyndan 10-20 gektar ýaly kiçeňräk meýdanda ýetişdiriljek bolsa, ony suwaryp hem-de taba getirip ekip bolar. Emma gürrüň bir telekeçiniň 500-1000 gektar ýaly giň meýdanlarda aralyk ekin ýetişdirmegi barada gidende, ekişi derrew tamamlamak üçin nou-till usulyndan peýdalanmak has amatly bolýar. Has takygy, bu usulda suwarylmazdan ozal, hasyly ýy

Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi

2-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen mejlisinde möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara ýurdumyzyň galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylary galla oragyna girişdiler. 9-njy iýundan bolsa bu asylly işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem girişerler. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýarlygy üçin Beýik Biribardan dileg edip, “Çäjiňe bereket!” sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.

Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi

2-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen mejlisinde möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara ýurdumyzyň galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylary galla oragyna girişdiler. 9-njy iýundan bolsa bu asylly işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem girişerler. Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýarlygy üçin Beýik Biribardan dileg edip, “Çäjiňe bereket!” sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.

Galla — Watanyň genji-hazynasy

Düýn ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragy başlandy Has dogrusy, 26-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň ýüz tutmagy esasynda hormatly Prezidentimiz galla oragyna ak pata berip, oba ýaşulularynyň bu döwletli işe başlap bermeklerini haýyş edipdi. Orak möwsüminiň başlanmagyna Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Nesip bolsa, bellenilen senä görä, 9-njy iýunda olar hem bugdaý oragyna girişerler.

Guşgursak däneler ýetişdi

Il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly obasynda hem bugdaý oragy başlandy. Bu ýerde ak öýler tutuldy, toý gazanlary ataryldy. Orak möwsüminde ulanyljak kombaýnlaryň kerweni hatara düzüldi. Daýhanlarymyzyň ýylboýy çeken zähmeti netijesinde kemala gelen bol hasyl göreniň gözüni dokundyrýar. Nesip bolsa, ýetişdiren hasylymyzyň ýekeje dänesini-de isrip etmän, Watan harmanyna tabşyrarys. Bu biziň Watan öňündäki borjumyzdyr diýip, gallaçy daýhanlar uly ynam bilen aýdýarlar.

Bir etrapdan iki habar

Meýilnama berjaý edildi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Şonda daýhan birleşiginiň 48 sany ýüpekçi kärendeçileri 48 guty ýüpek gurçugyny idedip, 1925 kilogram ýokary hilli pile öndürmegiň hötdesinden geldiler. Meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilmegi daýhan birleşiginiň ýüpekçileriniň ýüpek gurçugyny idetmekde ýeterlik baý iş tejribe toplandyklaryny, şu möwsümde bar ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekendiklerini äşgär edýär. Ýüpekçi kärendeçilerden Amangül Jumageldiýewa, Annaweli Annaýew, Täçnazar Akmedow dagynyň her biri meýilnamalaryny 140 — 150 göterim berjaý edip, gazanylan zähmet üstünligine saldamly goşantlaryny goşdular.

Gollarda gujur, ýüreklerde hyjuw bilen lebaply gallaçylar oraga girişdiler

Şu gün welaýatymyzyň gallaçylary geçen hepdede sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen oraga başladylar. Welaýatymyz boýunça bu möhüm möwsüme Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň bereketli meýdanlarynda il sylagly ýaşulularymyzyň gatnaşmaklarynda milli däp-dessurlaryň berjaý edilmeginde uludan badalga berildi.