Döwrebap toplumda işler ileri

6 Iýun 2023
316

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmen toplumynda ýokary hil talaplaryna laýyk taýýarlanýan un täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. Toplumyň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan degirmeni her ýylda 50 müň tonna un öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasynda göwrümleri, degişlilikde, 50 müň we 30 müň tonna däne saklaýan elewatorly, her gije-gündizde 200 tonna däne üwemäge niýetlenip gurlan degirmen toplumy hemişe öňdebaryjylaryň hatarynda bolmagy başarýar. Toplumyň önümçiliginde ýörite çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her birinde 8 müň 333 tonna däne islendik howa şertlerinde talabalaýyk saklanylýar. Önümçilik sehi, elektrik bekedi, suw arassalaýjy desga, arassaçylyk-durmuş gullugynyň jaýy, däne ýüklemäge we düşürmäge niýetlenen bölüm, ammar jaýlarydyr beýlekiler bu ýerde gündelik işleri netijeli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu desgadaky işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar. Topluma hem demir ýol şahasy, hem awtomobil ýoly barýar. Bu ýerde dänäniň agramyny çekmek üçin uly gapanlaryň 3-si bar. Toplumda tehniki we beýleki maksatlar üçin ulanylýan önümçilik hem-de ygal suwlary bir ýere ýygnalýar, gaýtadan arassalanylýar we toplumyň howlusyndaky baglary suwarmak üçin peýdalanylýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.