NOU-TILL — DESSIN EKIŞ GEÇIRMEGIŇ DÖWREBAP USULY

5 Iýun 2023
382

Gazetiň geçen sanynda aralyk ekinler baradaky makalany okyjylaryň dykgatyna ýetiripdik. Geçen gezekki makalada hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistanda her ýylda ýüz müňlerçe (şu ýyl 690 müň gektar) gektar ýerde bugdaý hasyly ýetişdirilýär. Şonuň üçin-de, şeýle giň meýdanlardan yssa çydamly, az suw talap edýän, gysga wagtda ýetişýän aralyk ekin görnüşlerinden bol hasyl almaga mümkinçilik bar. Aralyk ekiniň esasy şertleriniň biri-de, ondan soňraky ekişi gijä goýmaz ýaly ähli agrotehniki işleri dessin ýerine ýetirmekdir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, bu gün dünýäde «nou-till» (No-Till) diýlip atlandyrylýan ekiş usuly barada okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.

Nou-till usuly häzirki wagtda oba hojalygy boýunça dünýäniň iň öňdebaryjy döwletlerinde giňden ulanylýar. Bu usul biziň ýurdumyzda hem türkmen telekeçileri tarapyndan mäşiň önümçiliginde synag edildi. Synaglar üstünlikli geçdi. Nou-till usulynyň artykmaç tarapy, ol örän giň meýdanlarda gysga wagtda ekiş geçirmäge şert döredýär. Mysal üçin, aralyk ekin bir telekeçi tarapyndan
10-20 gektar ýaly kiçeňräk meýdanda ýetişdiriljek bolsa, ony suwaryp hem-de taba getirip ekip bolar. Emma gürrüň bir telekeçiniň 500-1000 gektar ýaly giň meýdanlarda aralyk ekin ýetişdirmegi barada gidende, ekişi derrew tamamlamak üçin nou-till usulyndan peýdalanmak has amatly bolýar. Has takygy, bu usulda suwarylmazdan ozal, hasyly ýygnalan meýdan dessin samandan arassalanylyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bilen daşary ýurtlardan getirilen «John Deere», «Case», «Class» ýaly kuwwatly traktorlaryň yzyna berkidilen ýumşadyjy abzal (diskalar) arkaly atanaklaýyn görnüşde (ilki gündogardan günbatara, soňra demirgazykdan günorta), mümkingadar çuň (iň azyndan 20-25 santimetr) ýumşadylyp geçilýär. Netijede, ýeri suwarmak hem-de taba getirmek üçin sarp edilýän wagty tygşytlamak mümkin bolýar. Özüňiz hasaplap görüň, şol bir telekeçi tarapyndan 500-1000 gektar aralyk ekin ekiljek bolsa, şol meýdanyň suwarylmagy we taba gelmegi üçin azyndan 20-25 gün wagt gerek. Her günüň, her sagadyň hasaply döwründe ýeri suwarmak hem-de taba getirmek üçin sarp edilýän şol wagtyň tygşytlanmagy örän uly ähmiýete eýedir. Bu usulda ýeriň atanaklaýyn ýumşadylmagynyň sebäbi, şeýle edilende ýerde hiç hili kesek galman, topragyň üstki gatlagy doly ýumşaýar. Bu bolsa täze ekiniň çalt gögermegine şert döredýär. Soňra joýa çekilýär hem-de takyk ekiji abzallar bilen niýetlenilen aralyk ekin ekilip, derrew suwarylýar. Şeýlelikde, ýeri suwarmak we taba getirmek üçin gidýän wagt tygşytlanýar. Ýeri gelende bellesek, nou-till usuly mäş, günebakar, mekgejöwen ýaly suwarymly ekinler üçin niýetlenilendir. Eger-de aralyk ekiniň düme alynmagy göz öňünde tutulýan bolsa, onda ýeri gandyrmak üçin ekiş suwuny tutup, taba gelensoň ekişi geçirmeli bolýar.

Döwletgeldi BALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hususy hukugy ugrunyň magistranty, telekeçi.