Altyn sümmülleriň aýdymy

6 Iýun 2023
570

Altyn sümmüller bilen jäheklenen bugdaýly meýdanyň täsin gözelligi bar. Ol görnüşde sahawatly topragyň berekedi, babadaýhanyň ýadawsyz zähmetiniň rehneti, ulus-iliň saçak-suprasynyň bolçulygy şöhlelenýär. Ata-babalarymyzyň alyn deri siňen keramatly topragymyzyň gadymy ekerançylygyň mekanydygyna bolan buýsanç kalbymyzy nepeslendirip, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Amerikan alymy R.Pampelli geçen asyryň başlarynda Änewde gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan gadymy bugdaý däneleriniň üsti bilen, bu topragyň bugdaýyň medeniýetleşdirilen görnüşiniň ilkinji watanydygyny subut etdi. Gadymy Merwden, Nusaýdan we beýleki taryhy ýerlerden tapylan küýzegärlik önümlerinde şekillendirilen üzüm hoşalary, bugdaý sümmülleri, bereketlilik nyşany hasaplanylýan Bugdaý enäniň şekilleri topragymyzyň gadymy döwürlerde-de bol hasyla baý bolandygyna şaýatlyk edýär.

Ýaýylyp ýatan bugdaýly meýdanlar gözüňi-göwnüňi dokundyrýar, bereket-bolçulygyň, abadançylygyň nyşany bolup, kalplara kanagatlylyk, bereketlilik duýgusyny çaýýar. Halkymyzyň bugdaýa, çörege bolan mukaddes gatnaşygy her birimiziň gündelik durmuşymyza ýaşaýşyň kanuny ýaly ornaşyp, ömrümiziň her bir pursadynda şöhlelenýär. Ejeleriň tamdyr başynda çörek ýapyşlary, toýda goňşy daýzalaryň gazana çelpek ýapyşlary, gelnejeleriň pişmedir gatlakly bişirişleri, ýaşulularyň üýşüp çörek dograýyşlary... her birimiz üçin durmuş pursatlarymyzyň iň adaty hem süýji ýatlamalarynyň arasyndadyr. Ene-mamalarymyzyň tamdyrdan çykaran Güne meňzeş çörekden bir döwüm bölüp, töwerekde oýnap ýören çagalara paýlaýşy göz öňümde janlandy. Ýadyma düşýär, çaga döwrüm daňdanyň ümüş-tamşynda öýümiziň öňündäki köçeden esgerler ertir ylgawyna çykardylar. Ejem saçakdan iki çörek alyp, jigim ikimiziň elimize tutduryp, olara ugradardy. Biz dessine olara tarap ýelk ýasardyk. Göwnüme bolmasa, esgerleriň aýak sesleri öýümiziň ýanynda haýallaýan ýalydy. Ene mähri siňen tamdyr çöreginiň tagamy bir başgadyr. Ejem öz ýanyndan alys ýerde gulluk edýän agama-da ýat bir enäniň mähir siňen çöregini dadyrýandygyna ynanardy. Enelerde çöregini paýlaşmak ruhy bar. Olar ýagşy dileglerini, dogaýy sözlerini çöreginiň maýasyna gatýarlar.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».