Bir etrapdan iki habar

2 Iýun 2023
444

Meýilnama berjaý edildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köneürgenç etrabynyň «Akderýa» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Şonda daýhan birleşiginiň 48 sany ýüpekçi kärendeçileri 48 guty ýüpek gurçugyny idedip, 1925 kilogram ýokary hilli pile öndürmegiň hötdesinden geldiler. Meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilmegi daýhan birleşiginiň ýüpekçileriniň ýüpek gurçugyny idetmekde ýeterlik baý iş tejribe toplandyklaryny, şu möwsümde bar ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekendiklerini äşgär edýär. Ýüpekçi kärendeçilerden Amangül Jumageldiýewa, Annaweli Annaýew, Täçnazar Akmedow dagynyň her biri meýilnamalaryny 140 — 150 göterim berjaý edip, gazanylan zähmet üstünligine saldamly goşantlaryny goşdular.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.