Ak piläniň belent harmany

7 Iýun 2023
219

Welaýatymyzyň zähmetsöýer pileçileriniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýüpekçilik möwsüminde pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý edip, gazanan uly üstünlikleri hemmeleri guwandyrdy. Bu olaryň hormatly Prezidentimiziň giň gerimli goldawlaryna daýanyp çeken agzybirlikli zähmetleriniň beren ajaýyp netijesidir. Şeýle belent sepgide abraý bilen ýetilmegine ussat pileçi kärendeçileriň köp sanlysy saldamly goşant goşdular. Şu ýerde olaryň birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Ogulsapar HANOWA,
Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň pileçi kärendeçisi: