Her dänesi gymmatly

7 Iýun 2023
275

Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýyň her bir dänesi mukaddesdir. Bugdaýly meýdanlardan halkymyzyň gymmatly baýlygyny soňky dänesine çenli ýygnap almagy maksat edinýän Ahal ýaýlasynyň gallaçylary möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar.

Hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda galla oragyna ak pata berlenine sanlyja günüň geçendigine garamazdan, kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara gelip gowşan hasylyň möçberi müňlerçe tonna ýetdi. Munuň özi welaýatda häzirki jogapkärli möwsümde işleriň sazlaşykly we utgaşykly ýola goýlandygynyň güwäsidir.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.