Welaýatymyzyň ýüpekçileriniň zähmet üstünligi

5 Iýun 2023
319

Welaýatymyzyň pileçi kärendeçileri, ussat ýüpekçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guwandyryjy netijelere eýe bolup, zähmet ýeňşini gazandylar. Olar şu möwsümde 12,5 müň guty ýüpek gurçugyny göwnejaý idetmek bilen, kemala getirilen 500 tonnadan gowrak pile hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Möwsümiň dowamynda welaýatymyz boýunça 12507 sany pileçi kärendeçi şu ugurda iş alyp bardy. Olar ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmek, talabalaýyk saklamak bilen, ýadawsyz alada etdiler. Bu bolsa bereketli pile hasylynyň öndürilmegine şert döretdi.

Ýörite habarçymyz.