Tohum mallary köpeltmek — döwrüň talaby

6 Iýun 2023
472

Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk mallary tohum mallara we tohum däl, ýagny adaty mallara bölünýär. Adaty mallara başgaça harytlyk mallar hem diýilýär. Sebäbi olar et-ýag, süýt, ýüň we beýleki önümleri öndürmek üçin köpeldilýär. Tohum mallar bolsa, şol tohumyň genofonduny – nesil goruny saklamak we kämilleşdirmek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Tohum mallar öz durkuny nesline dolulygyna, durnukly we yzygiderli geçirmäge ukyply mallardyr. Has takygy, olar öz tohumyna mahsus bolan alamatlary — mallaryň daşky görnüşini, beden gurluşyny we ölçeglerini, çalt ösüp ýetişmek häsiýetini, önüm berijilik, nesil öndürmek we ýerli şertlere uýgunlaşmak boýunça genetiki ukybyny nesline dolulygyna geçirip bilýär.

Olaryň önüm berijiligi harytlyk mallara garanda, ortaça 25 – 30 göterim ýokarydyr. Tohum mallar öz tohumyna degişli we genetiki taýdan ýokary önüm berijiligi hem-de ýokary tohum hili bilen tapawutlanýan mallary üznüksiz köpeltmäge ukyply mallardyr.

Çary HANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.