Guşgursak däneler ýetişdi

2 Iýun 2023
506

Il sylagly ýaşulularyň «bismillasy» bilen Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly obasynda hem bugdaý oragy başlandy. Bu ýerde ak öýler tutuldy, toý gazanlary ataryldy. Orak möwsüminde ulanyljak kombaýnlaryň kerweni hatara düzüldi. Daýhanlarymyzyň ýylboýy çeken zähmeti netijesinde kemala gelen bol hasyl göreniň gözüni dokundyrýar.

Nesip bolsa, ýetişdiren hasylymyzyň ýekeje dänesini-de isrip etmän, Watan harmanyna tabşyrarys. Bu biziň Watan öňündäki borjumyzdyr diýip, gallaçy daýhanlar uly ynam bilen aýdýarlar.

Berdimuhammet MÄMMETNUROW,
Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly daýhan birleşiginiň hünärmeni.