«Meňzäp topragymyň tylla täjine, Şugla saçsyn mydam Gün ýaly, bugdaý!»

6 Iýun 2023
318

Hormatly Prezidentimiz golaýda bugdaý oragynyň başlanmagyna ak pata berdi. 2-nji iýunda ýurdumyzyň Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynyň gallaçy daýhanlary üçin ýatdan çykmajak dabaralaryň biri boldy. Şol gün daň saz berenden her welaýatda galla oragyna «Bismilla» diýip, badalga bermek üçin ýörite saýlanyp alnan meýdanlar toý lybasyna beslendi. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan myhmanlaryň kalplary şatlykdan, köňülleri buýsançdan doludy. Çünki ol gün gallaçy daýhanlar bir ýyla golaý mele toprakda çeken azaplarynyň bol hasylyny orup, Watan harmanyna tabşyrmaga badalga aldylar. Daýhanyň abraý-mertebesini göterýän, şatlyk-şowhuna beslenen dabaraly günde gazetimiziň ýörite habarçylary gallaçy kärendeçilerdir mehanizatorlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirdiler.

Myratgeldi ALLANOW,
Parahat ANNABERDIÝEW,
Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Tejen» daýhan birleşiginiň kärendeçileri:

Taýýarlanlar Laçyn SAMMAKOWA, Allaberdi SAPARGELDIÝEW, Jennet RAIMBAÝEWA,
«Bereketli toprak».