Päk zähmetiň sarpasy

5 Iýun 2023
311

Şu gün welaýat häkimliginde Watanymyza pile tabşyrmak baradaky borçnamanyň ýerine ýetirilmegine uly goşant goşan lebaply kärendeçileriň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabarada hormatly Prezidentimiziň ýüpekçileriň zähmetine ýokary baha berendigi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Welaýatymyzyň ýüpekçileri her ýylda Watanymyzyň kümüşsöw çäjine 1010 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýärler. Şu günki dabarada hem ýurdumyzda ýüpekçiligiň ösmegine saldamly goşant goşan öňdebaryjy pileçileriň atlaryna öwgüli sözler aýdyldy. Öňdebaryjy ýüpekçiler geljekki ýyllarda hem zähmet netijelerini has ýokarlandyrjakdyklaryna, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegine ýene-de zähmet goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Dabaranyň soňunda öňdebaryjy ýüpekçileriň hormatyna hoş owazly aýdym-sazlar ýaňlanyp, göçgünli tanslar ýerine ýetirildi.